Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 12:8 - Mukaddes Kitap

8 Men onuň bilen syrly däl-de, açyk, ýüzbe-ýüz gepleşýärin. Hatda ol Men Rebbiň keşbini-de görýär. Siz näme üçin gulum Musanyň ýüzüne gelmäge gorkmadyňyz?“»

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

8 Мен онуң билен сырлы дәл-де, ачык, йүзбе-йүз геплешйәрин. Хатда ол Мен Реббиң кешбини-де гөрйәр. Сиз нәме үчин гулум Мусаның йүзүне гелмәге горкмадыңыз?“»

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 12:8
39 Iomraidhean Croise  

Ýakup ol ýeri «Peniýel» diýip atlandyrdy. Ýakup: «Çünki men Hudaýy ýüzbe-ýüz görübem, diri galdym» diýdi.


Peýkamlaryny atyp, pytratdy ýagylaryny, ýyldyrymlar çakdyryp, weýran etdi olary.


Ol halkyna kazylyk etmeklik üçin Ýeri, Gögi şaýatlyga çagyrýar:


Surnaýyň owazy gitdigisaýy güýçlenýärdi. Musa gepledi, Hudaý oňa gök gürrüldili ses bilen jogap berdi.


Özüň üçin ýokarda gökde, aşakda ýerde ýa-da ýerasty suwlarda ýaşaýan zatlaryň hiç birine meňzeş şekilde but ýasama.


Reb Musa bilen edil iki dostuň biri-biri bilen gepleşişi ýaly, ýüzbe-ýüz gepleşerdi. Soňra Musa düşelgä gaýdyp gelerdi, emma onuň ýaş kömekçisi Nunuň ogly Ýeşuwa çadyrda galardy.


Reb oňa: «Men siziň öňüňizden bütin şan-şöhratym bilen geçerin we siziň öňüňizde Reb adymy jar ederin. Men islän adamyma merhemet, islän adamyma hem rehim-şepagat ederin.


Soňra Men elimi aýraryn welin, sen Meniň arkamy görüp bilersiň. Emma Meniň ýüzüm görülmeli däldir» diýdi.


Harun we ähli ysraýyllar Musanyň ýüzüniň nur saçýandygyny görenlerinde, olar onuň ýakynyna gelmäge gorkdular.


Onda Hudaýy kime meňzedýärsiňiz? Haýsy meňzetmäni ulanýarsyňyz Onuň üçin?


Meni kime meňzedýärsiňiz? Kim bilen deňeşdirýärsiňiz? Kime deňeýärsiňiz, Maňa meňzeýän barmy?


«Eý, ynsan ogly! Ysraýyl halkyna bir matal ber, bir tymsal aýt.


Onsoň men: «Wah, Hökmürowan Rebbim! Olar men hakda „Aý, ol özünden toslap tapýar-laý!“ diýişýärler» diýdim.


Reb pygamber arkaly Ysraýyly Müsürden alyp çykdy. Pygamber üsti bilen ony gorady.


Musa Reb bilen gepleşmek üçin, Rebbe ýüz tutulýan çadyra girende, iki kerubyň arasyndan gelýän sesi eşidýärdi. Bu iki kerup Äht sandygynyň gapagynyň üstündedi. Şeýdip, Reb Musa bilen gepleşerdi.


Bu pygamber arkaly aýdylan şu sözüň berjaý bolmagy üçindi: «Men size tymsal aýdyp bereýin, dünýä ýaradylaly bäri gizlin galan syrlary beýan edeýin».


Sizi diňlän Meni diňlär, sizi ret eden Meni ret eder. Meni ret eden bolsa Meni Ibereni ret eder».


Hudaýy hiç kim asla gören däldir. Bize Ony Atasynyň gujagyndaky, Özi-de Hudaý bolan ýeke-täk Ogly tanatdy.


Mundan beýläk Men size gul diýmerin, sebäbi gul hojaýynynyň näme edýänini bilýän däldir. Men size dost diýýärin, sebäbi Atamdan eşiden ähli zatlarymy size aýtdym.


Eger Men olaryň arasynda başga hiç kimiň başarmadyk gudratlaryny görkezmedik bolsam, günäde aýyply bolmazdylar. Indi bolsa eden gudratlarymy görseler-de, Meni hem, Atamy hem ýigrendiler.


Şindi ähli zady öçügsi aýnadan gören ýaly görýäris. Emma soňra ähli zady ýüzbe-ýüz göreris. Men şindi bölekleýin bilýärin, ýöne şonda Hudaýyň meni bilşi ýaly doly bilerin.


Biz hem ýüzümizi basyrman, Rebbiň şöhratynyň ýalkymyny görýäris. Rebbiň Ruhy ählimizi gitdigisaýy nurlandyryp, bizi Öz keşbine özgerdýär.


Hudaýyňyz Reb siziň üçin öz halkyňyzyň arasyndan meniň ýaly pygamber çykarar. Siz şol pygambere gulak asyň.


Şondan soň, Ysraýyldan Musa ýaly Reb bilen ýüzbe-ýüz görşen başga bir pygamber çykmady.


Reb Horepde ot içinden size seslenende, siz Onuň Özüni görmediňiz. Habardar boluň we özüňizi goraň.


Özüň üçin ýokarda – gökde, aşakda – ýerde ýa-da ýer asty suwlarda ýaşaýan zatlaryň hiç birine meňzeş şekilde but ýasama.


Mesih görünmeýän Hudaýyň keşbidir, bütin ýaradylyşyň ilkinji doglany Oldur.


Şoňa görä-de, bu tabşyryklary ret edýän adam ynsany däl, eýsem Öz Mukaddes Ruhuny berýän Hudaýy ret edýändir.


Hudaý gadym döwürde ata-babalarymyza pygamberler arkaly köp gezek we dürli ýollar bilen gepledi.


Ogul Hudaýyň şöhratynyň ýalkymydyr, Onuň barlygynyň keşbidir. Ol bütin älem-jahany gudratly sözi bilen saklap, bizi günälerden päkländen soň, gökde beýik Hudaýyň sagynda oturdy.


Aýratyn-da haram höweslerine kowalaşyp, Onuň hökmürowanlygyny äsgermeýänleri-de näme etjegini Ol bilýändir. Beýle adamlar batyrsyraýarlar, tekepbirlenýärler we gökdäki güýçlere dil ýetirmekden gorkmaýarlar.


Muňa garamazdan, araňyza sümlüp giren bu adamlar gören düýşlerine daýanyp, öz bedenlerini haramlaýarlar. Hudaýyň hökmürowanlygyny ret edýärler, gökdäki perişdelere sögýärler.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan