Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 12:7 - Mukaddes Kitap

7 Ýöne gulum Musa bilen beýle däldir, Ol tutuş halkymyň sadyk ýolbaşçysydyr.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

7 Йөне гулум Муса билен бейле дәлдир, Ол тутуш халкымың садык ёлбашчысыдыр.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 12:7
15 Iomraidhean Croise  

Reb şeýtana: «Sen gulum Eýýuba üns berdiňmi? Dünýäde onuň ýaly adam ýokdur; ol akýürekli, dogruçyl, Hudaýdan gorkýan we şerden gaça durýan adamdyr» diýdi.


Şoňa görä, olary çölde ýoklaryn diýip, milletler arasyndan zürýatlaryny ýoklaryn diýip, olary ýer ýüzüne dargatjak diýip, elini galdyryp, Reb kasam etdi.


Reb Musa bilen edil iki dostuň biri-biri bilen gepleşişi ýaly, ýüzbe-ýüz gepleşerdi. Soňra Musa düşelgä gaýdyp gelerdi, emma onuň ýaş kömekçisi Nunuň ogly Ýeşuwa çadyrda galardy.


Size dogrusyny aýdýaryn, aýaldan doglanlaryň arasynda çümdüriji Ýahýadan beýigi ýokdur, emma Gögüň Şalygynda iň kiçisi hem ondan beýikdir.


Onda näme görmäge gitdiňiz? Bir pygamberimi? Hawa, Men size şuny aýdýaryn, ol gören kişiňiz hatda pygamberden hem artykdyr.


Musa ony görüp haýran galdy. Ol bu geň hadysany ýakynrak baryp görmekçi bolanda, Reb oňa şeýle seslendi:


Şeýle hyzmatçylardan bolsa sadyklyk talap edilýändir.


Men olar üçin öz halkynyň arasyndan seniň ýaly pygamber çykararyn. Meniň buýran zatlarymyň ählisini halka aýdar ýaly, Men sözlerimi pygamberiň agzyna salyp bererin.


Şeýdip, Rebbiň Öz buýruşy ýaly, Rebbiň guly Musa şol ýerde – Mowapda öldi.


Ýöne bardy-geldi eglenmeli bolaýsam, sen Hudaýyň maşgalasynyň, ýagny hakykatyň binýady we diregi bolan diri Hudaýyň ýygnagyndaky adamlaryň özlerini nähili alyp barmalydygyny bilmelisiň.


Reb Özüniň guly Musa ölenden soň, onuň kömekçisi Nun ogly Ýeşuwa şeýle diýdi:


«Meniň gulum Musa öldi. Indi Meniň ysraýyllara berýän ýerime barmak üçin, seniň özüň hem tutuş halk Iordan derýasyndan geçmäge taýýarlanyň.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan