Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 12:6 - Mukaddes Kitap

6 Reb olara şeýle diýdi: «Meniň sözlerime gulak salyň: „Eger araňyzda pygamberler bar bolsa, Men-Reb görnüşlerde Özümi aýan edip, Olar bilen düýşde gepleşýärin.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

6 Реб олара шейле дийди: «Мениң сөзлериме гулак салың: „Эгер араңызда пыгамберлер бар болса, Мен-Реб гөрнүшлерде Өзүми аян эдип, Олар билен дүйшде геплешйәрин.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 12:6
50 Iomraidhean Croise  

Şu wakalardan soň Ybrama görnüş arkaly Rebbiň sözi aýan boldy. Reb oňa şu sözleri aýtdy: «Ybram, gorkma! Men seniň galkanyňdyryn, seniň sylagyň juda uly bolar».


Indi bolsa sen aýaly öz adamsyna gaýtaryp ber, çünki onuň adamsy pygamberdir. Ol seniň üçin dileg eder. Şeýdip, sen diri galarsyň. Aýaly yzyna gaýtarmasaň, sen we seniň ähli adamlaryň hökman ölersiňiz».


Ýakup düýşünde ýerden asmana uzalyp gidýän basgançaklary gördi. Hudaýyň perişdeleri şol basgançaklardan ýokary çykyp, aşak düşüp ýörmüşler.


Ýakup oýanyp: «Hakykatdan-da, Reb şu ýerde. Men muny bilmändirin!» diýdi.


Bir gün Ýusup düýş gördi. Ol düýşüni doganlaryna gürrüň berende, olar Ýusuby öňkülerindenem beter ýigrendiler.


Ýusup ýene bir düýş gördi we ol ony-da doganlaryna gürrüň berdi. Ol: «Men ýene bir düýş gördüm. Onda Gün, Aý hem-de on bir sany ýyldyz maňa baş egýärmişler» diýdi.


Şol gije Hudaý Ysraýyla görnüp, oňa: «Ýakup! Ýakup!» diýdi. Ysraýyl Oňa: «Lepbeý!» diýip jogap berdi.


Emma hut şol gije Natana Rebbiň sözi aýan boldy:


Süleýman oýandy, görse, bu düýş eken. Soňra ol Iýerusalime gelip, Rebbiň Äht sandygynyň öňünde durup, ýakma we salamatlyk gurbanlyklaryny berip, ähli emeldarlary üçin meýlis gurdy.


Gibgonda gije Süleýmanyň düýşüne Reb girdi. Hudaý oňa: «Dile, dilän zadyňy bererin» diýdi.


Düýş, gijeki görnüş arkaly, ynsanlary agyr uky basanda, düşeklerinde ýatyrkalar,


Gijeki görnüşlerden dörän pikirler içinde, ynsanlary agyr uky basýan mahalynda,


Ol olaryň dileglerini bitirdi, emma üstlerine gyrgyn iberdi.


Soňra Reb Musa şeýle diýdi: «Faraonyň öňünde Men seni Hudaý ýaly edýärin we doganyň Harun bolsa seniň pygamberiň ýaly bolar.


Meniň adymdan galp pygamberlik edýän pygamberleriň ‘Düýş gördüm, düýş gördüm!’ diýişlerini eşitdim.


Pygamber öz gören boş düýşlerini gürrüň beribersin, emma Meniň sözümi eşiden her kes sözümi hakyky beýan etsin. Heý-de, bugdaýy saman bilen deňäp bolarmy? Muny Reb aýdýandyr.


Kebar kanalynyň ýakasynda sürgün edilenleriň arasyndakam, gökler açyldy we men Hudaýdan gelen görnüşleri gördüm. Bu sürgünde bolýan wagtymyzyň otuzynjy ýylynyň dördünji aýynyň bäşine boldy.


Şeýdip, men ýeke galdym. Bu beýik görnüşi görenimde, mende güýç galmady, ýüzümde reňk-pet galmady, men takatdan düşdüm.


Soňra bu syr Danyýele gijeki görnüş arkaly aýan boldy. Danyýel Gögüň Hudaýyna alkyş aýtdy.


Babyl patyşasy Belşasaryň şalygynyň birinji ýylynda Danyýel ýatyrka düýşünde görnüşler gördi. Soňra ol düýşüniň özenini ýazyp beýan etdi.


Görnüşde men özümi Eýlam welaýatyndaky Suza galasynda gördüm. Men özümiň Ulaý kanalynyň boýunda durandygymy gördüm.


Gilgatda etmiş bar, olaryň halky nämynasyp. Gilgalda öküzleri gurbanlyk etdiler. Şol sebäpli olaryň gurbanlyk sypasy sürlen meýdandaky daş üýşmegi ýaly bolar.


«Ine, şonda, Ýahuda bilen Iýerusalimiň öňki abadançylygyny dikelden günlerimde,


Agşam jülgedäki mirt agaçlaryň arasynda duran bir dor atly adamy gördüm. Onuň ýeňsesinde dor, gyr hem-de ak atlar bardy.


Hudaýyň sözlerini eşidýän, Gudratygüýçlüden görnüş görýän, ýere ýüzin düşüp, gözüm bilen aýdyň görýän.


Ýusup bu hakda oýlanyp ýörkä, Rebbiň bir perişdesi onuň düýşüne girip: «Eý, Dawut ogly Ýusup! Sen Merýeme öýlenmekden gorkma, sebäbi onuň göwresindäki Mukaddes Ruh arkalydyr.


Hirod ölenden soň, Rebbiň bir perişdesi Müsürde Ýusubyň düýşüne girip:


Şeýlelik bilen, pygamberleri öldürenleriň ogullarydygyňyza özüňiz güwä geçýärsiňiz.


Şonuň üçin hem Men size pygamberleri, akyldarlary we Töwrat mugallymlaryny ýollaýaryn. Siz olaryň käbirini öldürersiňiz, haça çüýlärsiňiz, käbirini sinagogalaryňyzda ýenjersiňiz, şäherden-şähere yzarlarsyňyz.


Eý, Iýerusalim! Pygamberleri öldürýän, özüne ýollananlary daşlaýan Iýerusalim! Towugyň öz jüýjelerini ganatlarynyň aşagyna ýygnaýşy ýaly, Men hem seniň çagalaryňy ençeme gezek ýygnajak boldum, emma siz muny islemediňiz.


Pilat höküm kürsüsinde otyrka, aýaly oňa: «Ol dogry adam bilen işiň bolmasyn, sebäbi men geçen gije düýşümde Ol zerarly köp azaplar çekdim» diýip, habar ýollapdy.


Şol wagt tütetgi sypasynyň sagynda duran Rebbiň bir perişdesi Zekarýa göründi.


Zekarýa daşary çykanda, olar bilen gepleşip bilmedi. Şonda olar ybadathanada onuň bir görnüş görendigine göz ýetirdiler, sebäbi Zekarýa olara üm bilen yşarat edýärdi, emma gepleşip bilmeýärdi.


Eger-de ynsandan diýsek, ähli halk bizi daşlar, sebäbi halk Ýahýanyň pygamberdigine ynanýar».


Ol gögüň açylyp, ullakan saçaga meňzeş bir zadyň dört burçundan aşak ýere sallanyp gelýänini gördi.


Petrus bu görnüşiň nämedigine geň galyp durka, ine, Korneliniň ýollan adamlary Simunyň öýüni sorap, gapa geldiler.


Ine, Mesihiň Özi käbirlerini resul, käbirlerini pygamber, başga birilerini Hoş Habarçy, öwrediji, beýleki birlerini ýygnagyň çopanlary edip belledi.


Hudaýyňyz Reb siziň üçin öz halkyňyzyň arasyndan meniň ýaly pygamber çykarar. Siz şol pygambere gulak asyň.


Men olar üçin öz halkynyň arasyndan seniň ýaly pygamber çykararyn. Meniň buýran zatlarymyň ählisini halka aýdar ýaly, Men sözlerimi pygamberiň agzyna salyp bererin.


Hudaý gadym döwürde ata-babalarymyza pygamberler arkaly köp gezek we dürli ýollar bilen gepledi.


Ýer ýüzüniň ilaty olaryň bu ýagdaýyna begenişip, baýram eder, biri-birlerine sowgatlar ýollar. Sebäbi bu iki pygamber ýer ýüzünde ýaşaýanlara köp sütem edipdi».


Men iki şaýadymy ibererin. Olar hem jul geýnip, bir müň iki ýüz altmyş günläp pygamberlik ederler.


Şawul Rebbe ýüz tutdy, ýöne Reb oňa ne düýşde, ne Urymyň üsti bilen, ne-de pygamberleriň üsti bilen jogap berdi.


Şamuwel daň atýança ýatdy. Soňra turup, Rebbiň öýüniň gapylaryny açdy. Şamuwel bu gören görnüşini Eliýä duýdurmakdan gorkýardy.


Reb sözi arkaly Özüni Şamuwele Şiloda aýan edenden soň, Ol ýene-de şol ýerde görünmegini dowam etdirdi.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan