Men magtanyp, bir akmak ýaly boldum. Ýöne meni muňa siz mejbur etdiňiz-ä! Aslynda meni siz magtamalydyňyz. Men hiç bolaýamda-da, özlerini beýik saýýan şol resullardan pes däl ahyryn.
Biz Mesihiň resullary hökmünde size agram salyp, gopbamsyrap hem bilerdik. Emma biz araňyzda bir gara ýer kimin gezdik, sizi enäniň öz balasyny söýşi dek söýdük.
Araňyzda dana hem parasatly adam barmy? Eger bar bolsa, goý, ol muny dogry durmuşy we danalykdan çykýan pespälligi bilen bitiren oňat işlerinde görkezsin.