Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 12:2 - Mukaddes Kitap

2 Olar: «Reb diňe bir Musa bilen gepleşmän, biziň bilenem gepleşdi ahyryn» diýdiler. Reb olaryň bu diýenlerini eşitdi.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

2 Олар: «Реб диңе бир Муса билен геплешмән, бизиң биленем геплешди ахырын» дийдилер. Реб оларың бу диенлерини эшитди.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 12:2
22 Iomraidhean Croise  

Ol ýene-de göwreli boldy we bir ogul dogurdy. Ol: «Reb meniň söýülmeýändigimi eşidip, maňa bu ogly hem berdi» diýdi. Leýa oglunyň adyna Şimgon dakdy.


Ýas gutarandan soň, Dawut adam iberip, ol aýaly köşgüne getirtdi. Şeýdip, ol Dawudyň aýaly boldy. Ondan Dawudyň bir ogly boldy. Ýöne Dawudyň eden bu işi Rebbiň nazarynda nejislikdi.


Onuň alyhezreti Aşur patyşasynyň iberen baş weziriniň diri Hudaýy masgaralamak üçin aýdan ähli sözlerini, belki, Hudaýyň Reb eşidendir; Hudaýyň Reb şol sözleri üçin olary jezalandyrar. Indi aman galan adamlar üçin dileg et“».


Şundan soň Rebbiň Musa gahary geldi we oňa: «Lewiler neslinden bolan doganyň Harun şol ýerde dälmi näme? Men onuň dile çeperdigini bilýärin. Ol eýýäm seni garşy almak üçin ýolda we ol seni görenine ýürekden begener.


Harun Rebbiň Musa aýdanlarynyň ählisini olara gürrüň berdi. Halkyň öňünde ol alamatlary hem görkezdi.


Şundan soň Musa bilen Harun faraonyň ýanyna gidip, oňa şeýle diýdiler: «Ysraýyl Hudaýy Reb şeýle diýýär: „Meniň halkymy goýber, goý, olar çölde Meniň şanyma baýram etsinler“».


Şeýlelikde, Musa bilen Harun faraonyň ýanyna bardylar we Rebbiň buýruşy ýaly etdiler. Harun faraonyň we onuň emeldarlarynyň öňünde hasasyny ýere taşlady, ol ýylana öwrüldi.


Tekepbirlikden diňe jedel döreýär, maslahat soraýanda danalyk.


Onuň alyhezreti Aşur patyşasynyň iberen baş weziriniň diri Hudaýy masgaralamak üçin aýdan sözlerini, belki, Hudaýyň Reb eşidendir; Hudaýyň Reb şol sözleri üçin olary jezalandyrar. Indi aman galan adamlar üçin dileg et“».


Men sizi Müsürden çykardym, Gulçulykdan azat etdim, Size baş edip, Musany, Haruny we Merýemi iberdim.


Halk görýän görgüleri hakda Rebbe eşitdirip, şikaýat edip başlady. Reb muny eşidende gaty gaharlandy. Onsoň Rebbiň ody olaryň garşysyna tutaşyp, ýangyn düşelgäniň bir çetini ýok etdi.


Emma Musa oňa: «Sen meniň üçin gabanjaňlyk edýärmiň? Käşgä Rebbiň bütin halky pygamber bolsady we Reb Öz Ruhuny olaryň baryna bersedi!» diýip jogap berdi.


Musa juda kiçigöwünli adamdy, beýle adam ýer ýüzünde başga ýokdy.


Olar Musa bilen Harunyň garşysyna ýygnanyp: «Siz juda öte geçdiňiz! Bütin halk, her bir kişi mukaddesdir, Reb hem olaryň arasyndadyr. Şonda-da siz özüňizi näme üçin Rebbiň jemagatyndan ýokary tutýarsyňyz?» diýdiler.


Biri-biriňizi doganlyk söýgüsi bilen tüýs ýürekden söýüň. Biri-biriňizi hormatlap, başgalary özüňizden ýokary tutuň.


Özüme berlen merhemetden peýdalanyp, siziň hemmäňize şulary diýýärin: özüňize ýokary baha bermäň. Tersine, Hudaýyň her kime beren imanyna görä özüňiz babatda sagdyn düşünjeli boluň.


Her bir zady hüňürdemän, zeýrenmän berjaý ediň.


Öz şahsy islegiňizden ýa-da şöhratparazlykdan hereket etmäň. Tersine, başgalary özüňizden üstün saýyp, pespäl boluň.


Eý, ýaşlar, siz hem ýaşululara tabyn boluň. Hemmäňiz biri-biriňiz bilen pespäl boluň, sebäbi «Hudaý tekepbirlere garşydyr, emma pespäl adamlara merhemet edýändir».


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan