Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 12:13 - Mukaddes Kitap

13 Onsoň Musa Rebbe perýat edip: «Eý, Hudaýym, oňa şypa ber» diýip ýalbardy.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

13 Онсоң Муса Реббе перят эдип: «Эй, Худайым, оңа шыпа бер» дийип ялбарды.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 12:13
23 Iomraidhean Croise  

Ybraýymyň aýaly Sara sebäpli Reb Abymelegiň köşgündäki aýallaryň ählisiniň ýatgysyny baglapdy. Ybraýym Hudaýa dileg etdi. Hudaý Abymelegiň özüni-de, aýalydyr gyrnaklaryny-da çaga dograrlary ýaly sagaltdy.


Patyşa oňa: «Hudaýyň Rebden maňa rehim etmegini sorap, elimiň gutulmagy üçin dileg edäý» diýdi. Şeýdip, Hudaýyň adamy Ýarobgamyň eliniň gutulmagy üçin Rebbe dileg etdi. Onsoň patyşanyň eli gutulyp, öňki halyna geldi.


Ýa Reb, men Seni pena edinýärin, meni hiç haçan utanja goýma; dogrulygyň bilen halas et meni.


Diýenlerinde dyngysyz: «Hany Hudaýyň?» gözýaşlarym ýeke-täk azygym boldy.


Reb şeýle diýdi: «Eger-de siz Hudaýyňyz Rebbiň sözüne dykgat bilen gulak goýup, Onuň nazarynda dogry hasap edýän işlerini etseňiz, Onuň buýruklaryna boýun bolup, buýran ähli parzlaryny ýerine ýetirseňiz, onda Men müsürlileriň başyndan inderen apatlarymyň hiç birini siziň başyňyza salmaryn. Çünki Men size şypa berýän Rebdirin».


Soňra Hudaý oňa: «Eliňi yzyna donuňyň içine sal» diýdi. Musa elini ýene-de donunyň içine salyp, täzeden çykaranda, bedenindäki beýleki agzalar ýaly bolup, onuň eli öňki kaddyna geldi.


Rebbiň Öz halkynyň ýaralaryny sarap, Öz ýetiren şikesine şypa beren güni, Aýyň nury Günüň nury dek, Günüň nury ýedi Günüň nury dek, ýedi esse artyk bolar.


Ýa Reb, maňa şypa ber, sagalaýyn. Meni halas et, halas bolaýyn, çünki öwgim diňe Sensiň.


Halk Musa perýat etdi, Musa-da Rebbe ýalbaryp dileg etdi. Ot söndi.


Merýemiň bedeni ýarysy çüýrän halda eneden öli doglan çaganyňka meňzemesin» diýdi.


Bütin ysraýyl halky Musa bilen Harundan zeýrenişip, şeýle diýdi: «Biz Müsür ýurdunda ýa-da bu çöllükde ölen bolsak, mundan gowy bolardy!


Ýöne ertesi gün Ysraýyl ogullarynyň bütin jemagaty Musa bilen Haruna garşy çykyp: «Rebbiň halkyny siz öldürdiňiz» diýdiler.


Isa: «Atam! Olary bagyşla, sebäbi olar näme edýänlerini bilenoklar» diýdi. Esgerler bije atyşyp, Onuň eşiklerini paýlaşýardylar.


Özüňize gargaýanlar üçin ýagşylyk diläň, özüňizi ynjadýanlar üçin Hudaýa doga okaň.


Onsoň ol dyza çöküp, batly gygyryp: «Ýa Reb! Bu günäni olara ýükleme!» diýdi. Şu sözleri aýdyp, ol jan berdi.


Ýamanlyk senden üstün gelmesin, tersine, ýagşylyk edip, ýamanlykdan üstün bol.


Iman bilen edilen doga-dileg näsaga şypa berer, Reb ony aýaga galdyrar. Eger ol günä gazanan bolsa, onuň günäsi geçiler.


Üstesine-de, siziň üçin dileg etmegimi bes edip, Rebbiň öňünde günä gazanmagymdan Rebbiň Özi saklasyn! Men size hözirli hem dogry ýol görkezjek.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan