Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 12:1 - Mukaddes Kitap

1 Merýem bilen Harun Musanyň efiopiýaly aýala öýlenendigi üçin ýazgardylar. (Hakykatdanam Musanyň ikinji aýaly Efiopiýadandy.)

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

1 Меръем билен Харун Мусаның эфиопиялы аяла өйленендиги үчин язгардылар. (Хакыкатданам Мусаның икинҗи аялы Эфиопияданды.)

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 12:1
19 Iomraidhean Croise  

Jenabym: „Ogluma ýaşaýan ýerim bolan Kengandan gyz alma. Meniň öz dogduk mekanyma, garyndaşlarymyň ýanyna git-de, oňa şol ýerden gelinlik tapyp getir“ diýip, maňa ant içirdi.


Soňra Rebeka Yshagyň ýanyna gelip, oňa: «Men Ysawyň het aýallaryndan halys irdim. Eger Ýakup şu het gyzlaryndan birine öýlenäýse, onda men nädip ýaşaryn?!» diýdi.


Faraon Ýusuba Sopnat-Pagnyýa diýip, müsürçe at dakdy; ony Heliýopolys galasynyň ruhanysy Potyperiň gyzy Asenada öýerdi. Şeýdip, Ýusup tutuş Müsür ýurduny dolandyryp başlady.


Midýan ruhanysynyň ýedi gyzy bardy. Şol wagt olar guýa gelip, öz kakalarynyň sürüsini suwa ýakmak üçin nowalary suwdan doldurdylar.


Şeýlelikde, Musa bu adamyňkyda ýaşamaga razylaşdy we ol öz gyzy Syporany Musa durmuşa çykardy.


Siz ogullaryňyza olaryň gyzlaryndan aýal alyp berersiňiz. Öz hudaýlaryna sežde edip ýören bu gyzlar siziň ogullaryňyza hem şeýle etdirerler.


Baş ruhany dula, ärinden aýrylana, azana ýa-da loly aýala öýlenmesin. Ol halkynyň arasynda öz perzendiniň adyna ysnat getirmez ýaly, diňe öz tiresinden bolan gyza öýlensin. Çünki Men-Reb ony mukaddes edýändirin“».


Meniň şöhratymy, Müsürde we çölde görkezen alamatlarymy gören, şonda-da Meni on gezek synap, Meniň sözüme boýun bolmadyklaryň hiç biri


Musa garşy baş göterdiler. Olar jemagatdan saýlanyp, halk baştutanlary bolan atly-abraýly ysraýyllaryň iki ýüz ellisini ýanlaryna aldylar.


Imranyň aýalynyň ady Ýokebetdi. Ol Lewiniň gyzydy we Müsürde doglupdy. Ýokebet bilen Imrandan Harun, Musa we olaryň uýasy Merýem doguldy.


Adamyň duşmany öz içerisindäkiler bolar.


Emma Isa muny aýdana: «Meniň ejem, doganlarym kim?» diýdi.


Meniň size: «Hyzmatkär hojaýyndan beýik däldir» diýen sözümi ýadyňyza salyň. Olar Meni yzarlasalar, onda sizi-de yzarlarlar. Meniň sözümi berjaý etseler, siziňkini-de berjaý ederler.


sebäbi Oňa hatda inileri-de ynanmaýardylar.


Eýsem, men size hakykaty aýdýanlygym üçin, indi duşmanyňyza öwrüläýdimmi?


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan