Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 11:8 - Mukaddes Kitap

8 Halk çykyp, ony ýygnardy we degirmende üwärdi ýa-da sokuda döwerdi. Soňra gazanda gaýnadyp, ondan petir kökeler bişirerdiler. Onuň tagamy zeýtun ýagyna ýugrulyp bişirilen çelpegiň tagamy ýalydy.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

8 Халк чыкып, оны йыгнарды ве дегирменде үвәрди я-да сокуда дөверди. Соңра газанда гайнадып, ондан петир көкелер биширердилер. Онуң тагамы зейтун ягына югрулып биширилен челпегиң тагамы ялыды.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 11:8
9 Iomraidhean Croise  

Günleriň bir güni Ýakup merjimek çorbasyny bişirip ýörkä, Ysaw gaty ýadaw hem aç halda meýdandan geldi.


Musa şeýle diýdi: «Rebbiň buýrugy şudur: ertir dynç alyş güni, bu Rebbe bagyş edilen mukaddes Sabat günüdir. Bişirjek zatlaryňyzy bişirip, gaýnatjak zatlaryňyzy gaýnadyň. Artan zatlaryňyzyň hemmesini ertir daňdana alyp goýuň».


Ysraýyllar ol çöregiň adyna manna diýip at goýdular. Ol kinzanyň tohumyna meňzeş ak we kiçi bolup, tagamy bal goşulyp bişirilen çelpek ýalydy.


Manna kinzanyň tohumyna meňzeş bolup, reňki-de sakyzyňky ýaly sarymtyl akdy.


Düşelgäniň üstüne gije düşýän çyg bilen bile manna-da ýagardy.


Zaýalanýan iýmit üçin däl-de, baky ýaşaýyş berýän iýmit üçin yhlas ediň, ony size Ynsan Ogly berer. Çünki Atamyz Hudaýyň Özi bu işi Oňa tabşyrandyr» diýip jogap berdi.


Biziň ata-babalarymyz çölde manna iýdiler. Mukaddes Ýazgylarda bu barada: „Olara iýmek üçin gökden çörek berdi“ diýip ýazylan» diýdiler.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan