Musa şeýle diýdi: «Rebbiň buýrugy şudur: ertir dynç alyş güni, bu Rebbe bagyş edilen mukaddes Sabat günüdir. Bişirjek zatlaryňyzy bişirip, gaýnatjak zatlaryňyzy gaýnadyň. Artan zatlaryňyzyň hemmesini ertir daňdana alyp goýuň».
Halk çykyp, ony ýygnardy we degirmende üwärdi ýa-da sokuda döwerdi. Soňra gazanda gaýnadyp, ondan petir kökeler bişirerdiler. Onuň tagamy zeýtun ýagyna ýugrulyp bişirilen çelpegiň tagamy ýalydy.
Gulagy bar adam Mukaddes Ruhuň ýygnaklara näme diýýänini eşitsin! Ýamanlykdan üstün çykana ýaşyryn saklanan mannadan bererin. Mundan başga-da, oňa ýüzüne täze at ýazylgy bir ak daş bererin. Bu ady daşy aljak adamdan başga hiç kim bilmez“».