Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 11:29 - Mukaddes Kitap

29 Emma Musa oňa: «Sen meniň üçin gabanjaňlyk edýärmiň? Käşgä Rebbiň bütin halky pygamber bolsady we Reb Öz Ruhuny olaryň baryna bersedi!» diýip jogap berdi.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

29 Эмма Муса оңа: «Сен мениң үчин габанҗаңлык эдйәрмиң? Кәшгә Реббиң бүтин халкы пыгамбер болсады ве Реб Өз Рухуны оларың барына берседи!» дийип җогап берди.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 11:29
17 Iomraidhean Croise  

Siz Meniň Ysraýylyň arasyndadygymy, Beýik Hudaýyňyzyň Mendigimi, özgäniň-de ýokdugyny bilersiňiz. Meniň halkym gaýdyp utandyrylmaz».


«Ine, şonda, Ýahuda bilen Iýerusalimiň öňki abadançylygyny dikelden günlerimde,


Soňra Musa bilen ysraýyl ýaşululary düşelgä dolandylar.


Olara şeýle diýdi: «Hasyl bol, ýöne işgär az. Şonuň üçin hem hasylyny ýygmaga işgär iberer ýaly, hasyl eýesi Rebbe ýalbaryň.


Pawlus oňa: «Gysga bolsun, uzyn bolsun, diňe sen däl, eýsem, şu gün meni diňleýänleriň bary meniň ýaly bolsun diýip Hudaýa ýalbarýaryn. Elbetde, bu zynjyrlar sizde bolmasyn» diýip jogap berdi.


Söýgi sabyrlydyr, mähirlidir. Söýgi bahyllyk edýän däldir, özüni beýgeldýän däldir. Söýgi gopbamsyramaýar,


Siziň ähliňiz nämälim dillerde gürleseňiz, elbetde, gowy, ýöne pygamberlik etmäge ymtylyň. Nämälim dilde gürleýän adam ýygnaga öwüt-ündew bermek üçin öz aýdanlaryny manylandyrmasa, onda pygamberlik edýän ondan has gowudyr.


Şunlukda, kimdir birine degişlidigiňiz babatda öwünmäň! Çünki hemme zat siziňkidir:


Bu dünýä heniz-de size öz täsirini ýetirýär, sebäbi araňyzda göriplik, dawa-jenjel bar. Eýsem bular siziň dünýä degişlidigiňizi aňlatmaýarmy? Siz dünýewi adamlar ýaly hereket etmeýärsiňizmi näme?


Öz şahsy islegiňizden ýa-da şöhratparazlykdan hereket etmäň. Tersine, başgalary özüňizden üstün saýyp, pespäl boluň.


Siz Mukaddes Ýazgylardaky Hudaýyň bize beren ynsanlyk ruhy örän gabanjaňdyr diýlen sözler boş ýere aýdylandyr öýdýärsiňizmi?


Eý, doganlar, özüňize höküm edilmez ýaly, biri-biriňiziň garşyňyza şikaýat etmäň. Ine, Kazy bosagada dur!


Şonuň üçin hem her hili ýaman niýeti, hilegärligi, ikiýüzlüligi, bahyllygy, gybat-gürrüňleri özüňizden aýryp taşlaň.


Şondan soň Rebbiň Ruhy seniň kalbyňy eýelär; sen hem olar bilen bile joşup, pygamberlik edersiň we Rebbiň Ruhy seni bütinleý özgerder.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan