Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 11:25 - Mukaddes Kitap

25 Onsoň Reb buludyň içinde aşak inip, Musa bilen gepleşdi. Onuň üstündäki ruhdan alyp, ýetmiş ýaşulynyň üstüne goýdy. Ruh ýaşulularyň üstüne inen badyna, olar joşup pygamberlik edip başladylar, ýöne olar soňra gaýdyp beýle etmediler.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

25 Онсоң Реб булудың ичинде ашак инип, Муса билен геплешди. Онуң үстүндәки рухдан алып, етмиш яшулының үстүне гойды. Рух яшулуларың үстүне инен бадына, олар җошуп пыгамберлик эдип башладылар, йөне олар соңра гайдып бейле этмедилер.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 11:25
28 Iomraidhean Croise  

Ýerihodaky pygamberler topary Elýaşany bir menzil ýerden görüp: «Ylýasyň ruhy Elýaşada» diýişdiler. Onsoň olar Elýaşanyň öňünden çykyp, oňa tagzym etdiler.


Olara öwüt bermek üçin paýhasly Ruhuňy berdiň. Mannany olaryň agzyndan kesmediň, suwsanlarynda suw berdiň.


Ýöne indi Sen bularyň günälerini geçeweri, ýogsa-da meniň adymy Öz adamlaryňyň ady ýazylan kitabyňdan öçür» diýdi.


Reb bulut içinde aşak inip, Musanyň ýanynda durdy-da: «Men – Reb!» diýip, Öz adyny yglan etdi.


Tutuş ysraýyl halky her gezek ýöriş edende, Reb olar üçin gündizine bulut, gijesine ot sütüni bolup, mukaddes çadyryň depesinde durýardy.


Hudaýyň halky geçmişi, Rebbiň guly Musany ýatlady. Sürüsiniň çopanlary bilen bile olary deňizden geçiren nirede? Öz Mukaddes Ruhuny içlerine salan nirede?


Olaryň öňünde bolsa ysraýyl halkynyň ýaşulularyndan ýetmiş kişi durdy. Olaryň ortasynda Şapanyň ogly Ýazanýa durdy. Her haýsynyň elinde ýakymly ysly tütetgi gaby bardy. Tütetginiň ysy bulut kimin ýokary göterilýärdi.


Men aşak inip, ol ýerde seniň bilen gepleşerin. Saňa beren Ruhumdan alyp, olara-da bererin. Ana onsoň, halkyň garamatyny ýeke özüň çekmersiň, halkyň garamatyny olar seniň bilen deň çekişerler.


Reb bulut sütüni görnüşinde aşak indi we çadyryň girelgesinde durup, Harun bilen Merýemi çagyrdy. Olar öňe çykdylar.


Musa ýerinden turup, Datanyň we Abyramyň ýanyna gitdi, Ysraýyl ýaşululary-da onuň yzyna düşdüler.


Bilgam seredip, ysraýyl halkynyň düşelgede tire-tire bolup oturandygyny gördi. Şol pursat onuň üstüne Hudaýyň Ruhy indi.


Onda Reb Musa şeýle diýdi: «Meniň Ruhumdan dolan Nunuň ogly Ýeşuwany saýla-da, elleriňi onuň üstünde goý.


Olardan biriniň ady Agapdy. Ol ýerinden turup, Rim imperiýasynda ýowuz açlygyň boljakdygy barada Mukaddes Ruh arkaly welilik etdi. Bu açlyk imperator Klawdiniň dolandyrýan döwründe bolup geçdi.


Pygamberlik sözlerini alan adam olary haçan aýtmalydygyny özi kesgitlemelidir.


Her bir oňat we kämil peşgeş ýokardan, gökdäki yşyklaryň Atasyndan gelýändir. Ol hiç haçan üýtgeýän däldir, Onda üýtgemekligiň ýokundysy hem ýokdur.


Sebäbi hiç bir pygamber ynsan islegi bilen welilik etmedi. Bu pygamberler Mukaddes Ruh tarapyndan ugrukdyrylyp, Hudaýdan gelen sözleri aýtdylar.


Rebbiň Ruhy Otniýele indi; ol ysraýyllara serdar bolup, urşa çykdy, Reb Siriýa patyşasy Kuşan-rişataýymy onuň eline berdi. Otniýel Kuşan-rişataýymy boýun egdirdi.


Gibga galasyna gelenlerinde, olar topar tutup gelýän pygamberlere duşdular. Şonda Hudaýyň Ruhy Şawulyň kalbyny eýeledi. Ol pygamberler bilen bile joşup, pygamberlik etmäge başlady.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan