Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 11:23 - Mukaddes Kitap

23 Reb Musa: «Rebbiň güýjüniň çägi barmy näme? Meniň size aýdan sözlerim berjaý bolýarmy ýa ýok, ine, görersiň!» diýdi.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

23 Реб Муса: «Реббиң гүйҗүниң чәги бармы нәме? Мениң сизе айдан сөзлерим берҗай болярмы я ёк, ине, гөрерсиң!» дийди.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 11:23
21 Iomraidhean Croise  

«Rebbiň başarmajak zady barmy?! Bellenen wagtda, indiki ýyl şu wagtlar ýanyňa dolanyp gelenimde, Saranyň bir ogly bolar» diýdi.


Emma hyzmatkäri oňa: «Bujagazy men ýüz adamyň öňünde nädip goýaýyn?» diýdi. Emma Elýaşa ýene-de gaýtalap: «Muny halka ber, goý, adamlar iýsinler, çünki Reb şeýle diýýär: „Hemmeler iýip doýarlar we nahar artyp hem galar“» diýdi.


Onsoň patyşanyň iň ýakyn nökerleriniň biri Hudaýyň adamyna: «Hatda Reb gökden penjireler açaýanda-da, heý, şeýle-de bir zat bolup bilermi?» diýdi. Emma Elýaşa: «Sen muny öz gözüň bilen görersiň, ýöne ondan iýmersiň» diýdi.


Emma Reb Musa: «Meniň faraona näme etjegimi indi görersiň. Men ony gudratly golum bilen halkymy goýbermäge mejbur ederin, ol şu gudratly goluň zarbyndan ýaňa, olary hatda öz ýurdundan kowup çykarar» diýdi.


Näme üçin gelenimde, hiç kim ýokdy? Näme üçin çagyranymda, hiç kim jogap bermedi? Sizi azat etmäge gysgamy golum? Ýa sizi halas etmäge Mende güýç ýokmy? Öz käýinjim bilen deňzi guradýaryn, derýalary çöle öwürýärin; balyklar suwsuzlykdan porsaýarlar, teşnelikden ölýärler.


Rebbiň eli gysga däldir halas etmez ýaly, eşitmez ýaly gulagy-da agyr däldir.


Neçün Sen çaşan adam ýaly, halas etmäge güýji ýetmeýän batyr söweşiji ýaly bolýaň? Emma Sen biziň aramyzdasyň, biz Seniň adyň bilen çagyryldyk, bizi terk etme, ýa Reb!


«Eý, Hökmürowan Reb! Beýik gudratyň we güýjüň bilen ýeri we gögi ýaratdyň. Seniň üçin hiç bir kyn zat ýok.


«Ine, bütin adamzadyň Hudaýy Reb Mendirin. Meniň üçin kyn zat barmy?


Muny Reb bolan Men aýdýandyryn we Meniň aýdan zatlarym amala-da aşar. Eý, pitneçi halk, indi bu gaýra goýulmaz, Men sözi aýdaryn we ony amala aşyraryn». Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr.


Muny Men-Reb aýtdym, bu berjaý bolar, Men ony ederin. Jezaňy geçmerin, gaýgyrmaryn we haýpym gelmez. Öz tutan ýollaryňa we işleriňe laýyklykda saňa höküm çykarylar». Muny Hökmürowan Reb diýýär.


Ol çukura ýakynlaşanda, naýynjar ses bilen Danyýele: «Eý, diri Hudaýyň guly Danyýel, wepalylyk bilen gulluk edýän Hudaýyň seni ýolbarslardan halas edip bildimi?» diýip gygyrdy.


Eý, Ýakubyň nesli, heý: «Rebbiň sabyr käsesi doldumy? Ol beýle işleri edermi?» diýmelimi siz? Meniň sözlerim dogruçylyň haýryna dälmi näme?


Ähli dowarlary we mal-garalary öldüreniňde, olary doýrup bolarmy? Deňizdäki ähli balyklary tutanyňda, bular doýarmy?»


Hudaý ynsan däl ahyryn, ýalan sözlär ýaly. Ol adam ogly däl, pikirini üýtgeder ýaly. Heý, Onuň beren wadasynyň, aýdan sözüniň bitmedigi barmy?


Isa olara seredip: «Ynsanlar üçin bu mümkin däl, emma Hudaý üçin ähli zat mümkindir» diýdi.


Asman bilen ýer öter, emma Meniň sözlerim asla ötmez.


Çünki Hudaýyň ýanynda mümkin däl zat ýokdur» diýip jogap berdi.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan