Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 11:20 - Mukaddes Kitap

20 eýsem, tutuş bir aýlap, tä aşa düşýänçäňiz, tä irýänçäňiz et iýersiňiz. Çünki siz araňyzda bolan Rebbi ret etdiňiz we Onuň huzurynda: „Näme üçin biz Müsürden çykdyk?“ diýip agladyňyz».

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

20 эйсем, тутуш бир айлап, тә аша дүшйәнчәңиз, тә ирйәнчәңиз эт иерсиңиз. Чүнки сиз араңызда болан Ребби рет этдиңиз ве Онуң хузурында: „Нәме үчин биз Мүсүрден чыкдык?“ дийип агладыңыз».

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 11:20
21 Iomraidhean Croise  

Mundan beýläk gylyç müdimilik seniň nesliňiň depesinden düşmez. Sebäbi sen Meni äsgermediň we het halkyndan bolan Uryýanyň aýalyny özüňe aýal edindiň“».


Rebbiň sadyk söýgüsi üçin, adamzada edýän ajaýyp işleri üçin, goý, olar Oňa şükürler etsin.


Agşam bedeneler uçup gelip, düşelgäni bürediler. Ir ertir bolsa, düşelgäniň töweregine çyg düşdi.


Olar şeýle diýdiler: «Biz Rebbiň elinden Müsürde ölen bolsak gowy bolardy. Biz ol ýerde etli gazanlar ataryp, doýýançak nahar iýerdik. Siz bolsa bu tutuş jemagaty açlykdan öldürmek üçin çöle getiripsiňiz».


Musa ýene-de: «Reb size agşamyna iýmäge et, ertirine bolsa doýýançaňyz çörek berer. Sebäbi Reb siziň Oňa garşy edýän şikaýatlaryňyzy eşitdi. Biz kim? Siziň igençleriňiz bize däl-de, Rebbe garşydyr» diýdi.


Dok adam baly ýigrenýändir, aç kişä ajy zatlar hem süýjüdir.


Eý, Meniň adymy kemsidýän ruhanylar, Hökmürowan Reb size şeýle diýýär: «Ogul atasyny, gul hojaýynyny sylaýar. Eger Men ata bolsam, hany Maňa sylag-hormatyňyz? Eger Men hojaýyn bolsam, hany siziň Menden gorkyňyz? Gaýtam siz: „Biz nädip Seniň adyňy kemsitdik?“ diýýärsiňiz.


Bütin halka ýeter ýaly eti men nireden tapaýyn? Çünki olar meniň ýanyma gelip: „Bize iýmäge et ber“ diýip, eňreşip durlar.


Bir gün ýa iki gün däl, bäş gün ýa on gün däl, ýa-da ýigrimi gün däl,


Emma Musa Rebbe şeýle diýdi: «Bu halk alty ýüz müň adamdan ybarat. Sen bolsa olary bir aýlap et bilen bakaryn diýýärsiň.


Näme sebäpden Reb bizi gylyçdan geçirtmek üçin, aýallarymyz bilen çagalarymyzy ýesir etmek üçin bu ýurda alyp barýarka? Müsüre dolansak, gaýtam, biziň üçin gowy bolmazmy?»


Şondan soň olar biri-birilerine: «Geliň, özümize baştutan saýlalyň-da, Müsüre dolanalyň» diýişdiler.


Bizi çölde öldürmek üçin, süýt we bal akýan Müsür topragyndan çykaryp, şu ýere getireniňi az görýärmiň? Ýene-de üstümizden höküm hem sürjek bolýarmyň?


Näme üçin siz Rebbiň halkyny bu çöl-beýewana alyp geldiňiz? Bizi we mal-garalarymyzy bu ýere gyrmak üçin getirdiňizmi?


Olar Hudaýyň we Musanyň garşysyna: «Bizi Müsürden çölde gyrylmagymyz üçin alyp gaýtdyňyzmy? Bu ýerde ne çörek, ne-de suw bar. Bu tagamsyz iýmitden-de halys irdik» diýdiler.


„Serediň, eý, masgaralaýjylar, haýrana galyp, ýok boluň! Siziň günleriňizde etjek işimi eşideniňizde, gulagyňyza ynanmarsyňyz“».


Şoňa görä-de, bu tabşyryklary ret edýän adam ynsany däl, eýsem Öz Mukaddes Ruhuny berýän Hudaýy ret edýändir.


Ol ähli halka ýüzlenip: «Görýäňizmi, şu daş biziň üçin subutnama bolar. Bu daş Rebbiň bize aýdan ähli sözlerini eşitdi. Eger siz Rebbe dönüklik edäýseňiz, bu daş size garşy subutnama bolar!» diýdi.


Emma bu günki gün özüňizi zulumdan we jebir-jepadan alyp çykan Hudaýyňyzy siz ret etdiňiz. Siz: „Ýok, bize patyşa belle“ diýdiňiz. Indi tireme-tire, urugma-urug Rebbiň huzurynda hatara düzüliň».


Şonuň üçin hem Ysraýyl Hudaýy Reb şuny aýdýar: „Seniň öz nesliň-de, ata-babaňyň nesli-de hemişelik Meniň huzurymda gezer diýip, Men öň söz beripdim. Emma indi Men-Reb muny aýdýandyryn: gaýtmyşym bolsun, çünki Men Özümi sylany sylaryn, äsgermezlik edeni bolsa ryswa ederin.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan