Halka-da aýt, ertir üçin inlerini tämizläp, mukaddes etsinler, çünki ertir olar et iýerler. „Wah, indi et iýmäge-de zar bolduk. Müsürde ýaşaýşymyz, mundan has oňatdy“ diýip nalaýanyňyzy Reb eşitdi. Şonuň üçin Reb size iýer ýaly et berjek.
eýsem, tutuş bir aýlap, tä aşa düşýänçäňiz, tä irýänçäňiz et iýersiňiz. Çünki siz araňyzda bolan Rebbi ret etdiňiz we Onuň huzurynda: „Näme üçin biz Müsürden çykdyk?“ diýip agladyňyz».