Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 11:17 - Mukaddes Kitap

17 Men aşak inip, ol ýerde seniň bilen gepleşerin. Saňa beren Ruhumdan alyp, olara-da bererin. Ana onsoň, halkyň garamatyny ýeke özüň çekmersiň, halkyň garamatyny olar seniň bilen deň çekişerler.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

17 Мен ашак инип, ол ерде сениң билен геплешерин. Саңа берен Рухумдан алып, олара-да берерин. Ана онсоң, халкың гараматыны еке өзүң чекмерсиң, халкың гараматыны олар сениң билен дең чекишерлер.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 11:17
32 Iomraidhean Croise  

Reb ynsanlaryň gurýan galasyny hem-de minarasyny görmek üçin aşak indi.


Hudaý Ybraýym bilen eden gürrüňini tamamlap ýokary göterildi.


Şol wagt Ybram Onuň öňünde ýüzin düşdi. Hudaý oňa şeýle diýdi: «Seniň bilen edýän ähtim, ine, şudur: sen köp milletleriň atasy bolarsyň;


Reb Ybraýym bilen gürrüňini tamamlandan soň, onuň ýanyndan gitdi. Ybraýym bolsa öýüne dolanyp geldi.


Ýerihodaky pygamberler topary Elýaşany bir menzil ýerden görüp: «Ylýasyň ruhy Elýaşada» diýişdiler. Onsoň olar Elýaşanyň öňünden çykyp, oňa tagzym etdiler.


Iordan derýasyndan geçenlerinden soň, Ylýas pygamber Elýaşa: «Hudaýyň meni ýanyňdan alyp gitmezinden öň, menden islän zadyňy sora» diýdi. Elýaşa: «Seniň yzyňy ýörederim ýaly, maňa öz ruhuňdan iki esse artyk ruh ber» diýdi.


Olara öwüt bermek üçin paýhasly Ruhuňy berdiň. Mannany olaryň agzyndan kesmediň, suwsanlarynda suw berdiň.


Sen özüňi hem, adamlary hem kösäp, gynap ýörsüň. Bu iş seniň üçin gaty agyr. Seniň ýeke özüň muny ýerine ýetirip bilmersiň.


Goý, hemişe olar adamlara kazylyk etsinler. Uly dawalary saňa aýtsynlar, emma kiçi dawalary özleri çözsünler. Şonda seniň üçin aňsadrak bolup, agyr ýüküň ýeňlär.


Birigün taýýar bolsunlar. Sebäbi birigün Men ähli adamlaryň gözüniň alnynda aşak Sinaý dagyna injek.


Reb Sinaý dagynyň depesine inende, Ol Musany dagyň depesine çagyrdy. Musa ýokary çykdy.


Reb bulut içinde aşak inip, Musanyň ýanynda durdy-da: «Men – Reb!» diýip, Öz adyny yglan etdi.


Men suwsuz topraga suwlar dökerin, gury ýerlere çeşmeler akdyraryn; nesilleriňiň üstüne Ruhumy, perzentleriňiň üstüne berekedimi dökerin.


Hudaýyň halky geçmişi, Rebbiň guly Musany ýatlady. Sürüsiniň çopanlary bilen bile olary deňizden geçiren nirede? Öz Mukaddes Ruhuny içlerine salan nirede?


«Şondan soň Men her bir ynsan üstüne Öz Ruhumy dökerin. Pygamberlik eder oguldyr gyzlaryňyz, düýşler görer garrylaryňyz, aýanlyk alarlar ýigitleriňiz.


Onsoň Reb buludyň içinde aşak inip, Musa bilen gepleşdi. Onuň üstündäki ruhdan alyp, ýetmiş ýaşulynyň üstüne goýdy. Ruh ýaşulularyň üstüne inen badyna, olar joşup pygamberlik edip başladylar, ýöne olar soňra gaýdyp beýle etmediler.


Reb bulut sütüni görnüşinde aşak indi we çadyryň girelgesinde durup, Harun bilen Merýemi çagyrdy. Olar öňe çykdylar.


Men onuň bilen syrly däl-de, açyk, ýüzbe-ýüz gepleşýärin. Hatda ol Men Rebbiň keşbini-de görýär. Siz näme üçin gulum Musanyň ýüzüne gelmäge gorkmadyňyz?“»


Onda Reb Musa şeýle diýdi: «Meniň Ruhumdan dolan Nunuň ogly Ýeşuwany saýla-da, elleriňi onuň üstünde goý.


Musa Reb bilen gepleşmek üçin, Rebbe ýüz tutulýan çadyra girende, iki kerubyň arasyndan gelýän sesi eşidýärdi. Bu iki kerup Äht sandygynyň gapagynyň üstündedi. Şeýdip, Reb Musa bilen gepleşerdi.


Hiç kim göge çykan däldir; oňa diňe gökden inen Ynsan Ogly çykandyr.


Ol muny Özüne iman edenleriň aljak Mukaddes Ruhy barada aýdýardy. Olara entek Mukaddes Ruh inmändi, sebäbi Isa entek şöhratlandyrylmandy.


Eger Hudaýyň Ruhy dogrudan-da kalbyňyzda mesgen tutan bolsa, siz ynsan höwesleriniň ygtyýarynda dälsiňiz, siz Mukaddes Ruhuň ygtyýaryndasyňyz. Kimde Mesihiň Ruhy bolmasa, ol Mesihe degişli däldir.


Biz bu dünýäniň ruhuny alan däldiris. Biz Hudaýyň Öz merhemeti arkaly bize eçilenlerine düşünerimiz ýaly, Hudaýyň Ruhuny alandyrys.


Şoňa görä-de, bu tabşyryklary ret edýän adam ynsany däl, eýsem Öz Mukaddes Ruhuny berýän Hudaýy ret edýändir.


Indi siz hakykata gulak asmak bilen özüňizi päklediňiz, çyn doganlyk söýgüsine eýe bolduňyz. Şonuň üçin biri-biriňizi çyn ýürekden söýüň.


Bular siziň araňyza bölünişik salyp, öz ynsan düşünjelerine görä ýaşaýan adamlardyr we Mukaddes Ruhdan mahrumdyrlar.


Şondan soň Rebbiň Ruhy seniň kalbyňy eýelär; sen hem olar bilen bile joşup, pygamberlik edersiň we Rebbiň Ruhy seni bütinleý özgerder.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan