Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 11:16 - Mukaddes Kitap

16 Reb Musa şeýle diýdi: «Halkyň arasynda olaryň baştutanlary we serkerdeleri hökmünde tanalýan ýetmiş ýaşulyny Meniň ýanyma ýygna. Olary Maňa ýüz tutulýan çadyra getir, goý, olar seniň ýanyňda dursunlar.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

16 Реб Муса шейле дийди: «Халкың арасында оларың баштутанлары ве серкерделери хөкмүнде таналян етмиш яшулыны Мениң яныма йыгна. Олары Маңа йүз тутулян чадыра гетир, гой, олар сениң яныңда дурсунлар.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 11:16
14 Iomraidhean Croise  

Ýusubyň Müsürde doglan iki ogly bilen birlikde Ýakubyň Müsürdäki tutuş hojalygy ýetmiş adamdan ybaratdy.


Musa ähli ysraýyllaryň içinden başarjaň adamlary saýlap, olary halka müňbaşy, ýüzbaşy, ellibaşy we onbaşy edip belledi.


Soňra Reb Musa: «Sen, Harun, Nadap, Abyhu we Ysraýylyň ýetmiş sany ýaşulusy Meniň ýanyma gelip, Maňa uzakdan sežde ediň.


Soňra Musa, Harun, Nadap, Abyhu we ysraýylyň ýetmiş sany ýaşulusy daga çykdy.


Musa bilen Harun Müsüre baryp, ysraýyl ýaşulularynyň hemmesini bir ýere ýygnadylar.


Reb şeýle diýdi: «Git-de, küýzegäriň toýundan ýasan bir küýzesini satyn al. Halkyň we ruhanylaryň ýaşulularyndan birnäçesini ýanyň bilen alyp,


Olaryň öňünde bolsa ysraýyl halkynyň ýaşulularyndan ýetmiş kişi durdy. Olaryň ortasynda Şapanyň ogly Ýazanýa durdy. Her haýsynyň elinde ýakymly ysly tütetgi gaby bardy. Tütetginiň ysy bulut kimin ýokary göterilýärdi.


Musa çykyp, Rebbiň sözlerini halka ýetirdi. Halkyň arasyndan ýetmiş ýaşulyny ýygnap, olary çadyryň töwereginde duruzdy.


Musa ýerinden turup, Datanyň we Abyramyň ýanyna gitdi, Ysraýyl ýaşululary-da onuň yzyna düşdüler.


Şundan soň Reb Isa başga ýetmiş iki adamy belläp, olary Özüniň gitmekçi bolýan ähli şäherlerine, ýerlerine iki-ikiden öňünden ýollady.


Onsoň şol ýetmiş iki şägirt uly şatlyk bilen dolanyp gelip: «Eý, Agam! Seniň adyňy agzanymyzda, arwah-jynlar hem bize boýun bolýarlar» diýdiler.


Şeýlelikde, men siziň her tiräňizden saýlanan bu akylly-paýhasly we tejribeli adamlary siziň üstüňizden baştutan edip, müňbaşylar, ýüzbaşylar, ellibaşylar, onbaşylar goýdum we beýleki baştutanlary belledim.


Hudaýyňyz Rebbiň özüňize berjek galalarynda tireleriňiziň arasyndan kazylar we baştutanlar belläň. Olar halkyň hal-ýagdaýyny adalatly çözsünler.


Tireleriňiziň ähli ýaşulularyny we baştutanlaryňyzy meniň ýanyma ýygnaň. Men bu sözleri olara eşitdirip aýtjak. Goý, asman bilen ýer olara garşy şaýat bolsun.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan