Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 11:13 - Mukaddes Kitap

13 Bütin halka ýeter ýaly eti men nireden tapaýyn? Çünki olar meniň ýanyma gelip: „Bize iýmäge et ber“ diýip, eňreşip durlar.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

13 Бүтин халка етер ялы эти мен ниреден тапайын? Чүнки олар мениң яныма гелип: „Бизе иймәге эт бер“ дийип, эңрешип дурлар.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 11:13
9 Iomraidhean Croise  

Emma hyzmatkäri oňa: «Bujagazy men ýüz adamyň öňünde nädip goýaýyn?» diýdi. Emma Elýaşa ýene-de gaýtalap: «Muny halka ber, goý, adamlar iýsinler, çünki Reb şeýle diýýär: „Hemmeler iýip doýarlar we nahar artyp hem galar“» diýdi.


Onsoň patyşanyň iň ýakyn nökerleriniň biri Hudaýyň adamyna: «Hatda Reb gökden penjireler açaýanda-da, heý, şeýle-de bir zat bolup bilermi?» diýdi. Emma Elýaşa: «Sen muny öz gözüň bilen görersiň, ýöne ondan iýmersiň» diýdi.


eýsem, tutuş bir aýlap, tä aşa düşýänçäňiz, tä irýänçäňiz et iýersiňiz. Çünki siz araňyzda bolan Rebbi ret etdiňiz we Onuň huzurynda: „Näme üçin biz Müsürden çykdyk?“ diýip agladyňyz».


Emma Musa Rebbe şeýle diýdi: «Bu halk alty ýüz müň adamdan ybarat. Sen bolsa olary bir aýlap et bilen bakaryn diýýärsiň.


Ähli dowarlary we mal-garalary öldüreniňde, olary doýrup bolarmy? Deňizdäki ähli balyklary tutanyňda, bular doýarmy?»


Şägirtleri Oňa: «Beýle uly mähelläni doýrar ýaly, bu çola ýerde biz çöregi nireden alaly?» diýdiler.


Şägirtleri Ondan: «Bu çöllükde olary doýrar ýaly çöregi nireden tapyp bolarka?» diýip soradylar.


Isa oňa: «Başardygyňdan diýmäň näme? Iman edýän üçin hemme zat mümkindir!» diýdi.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan