Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 11:12 - Mukaddes Kitap

12 Bu giden halky garnymda göterip, men dogrupmydym näme? Sen maňa: „Olary süýtden aýrylmadyk çagany enekesiniň göterişi deý, gujagyňda göter“ diýer ýaly, olaryň ata-babalaryna ant içip söz beren ýurduňa çenli meniň göterip barmagymy isleýärmiň?

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

12 Бу гиден халкы гарнымда гөтерип, мен догрупмыдым нәме? Сен маңа: „Олары сүйтден айрылмадык чаганы энекесиниң гөтериши дей, гуҗагыңда гөтер“ диер ялы, оларың ата-бабаларына ант ичип сөз берен юрдуңа ченли мениң гөтерип бармагымы ислейәрмиң?

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 11:12
20 Iomraidhean Croise  

Görýän tutuş ýurduňy Men saňa hem-de seniň nesliňe ebedilik berjekdirin.


Meni atamyň öýünden alyp gaýdyp: „Bu ýeri seniň nesliňe berjek“ diýip, wada eden Gögüň Hudaýy Reb Öz perişdesini seniň öňüňden iberer. Şeýdip, sen ol ýerden oglum üçin bir gyz taparsyň.


Ýusup doganlaryna: «Meniň sanaglym dolup barýar, ýöne Hudaý hökman siziň dadyňyza ýetişer. Hudaý sizi Müsürden çykaryp, Ybraýyma, Yshaga we Ýakuba wada eden topragyna elter» diýdi.


Ahabyň Samariýada ýetmiş ogly we ogul agtyklary bardy. Ýehu Samariýadaky Ýizregel baştutanlary bolan ýaşululara we Ahabyň nesillerine hossarlyk edýänlere şeýle mazmunly hat ýazyp iberdi: «Jenabyňyzyň ogullarydyr ogul agtyklary siziň ýanyňyzdadyr, şeýle hem atlar, söweş arabalary, gala we ýaraglar siziň hyzmatyňyzdadyr.


Şeýdip, köşgi dolandyryjy, şäher häkimi, ýaşulular we Ahabyň nesillerine hossarlyk edýänler Ýehuwa habar ýollap: «Biz seniň gullaryň, biz seniň diýeniň bilen bolarys. Biz hiç kimi patyşalyga bellemeris. Özüň nämäni makul bilseň, şony-da et» diýdiler.


«Reb size we ata-babalaryňyza söz berşi ýaly, sizi kenganlaryň ýerine getirip, ony size berende,


Reb siziň ata-babalaryňyza söz beren süýt we bal akýan mes toprakly ýurt bolan kenganlaryň, hetleriň, amorlaryň, hiwileriň we ýabuslaryň ýurduna getiren wagty hem siz şu aýda bu baýramy bellärsiňiz.


Reb Musa: «Baryň, bu ýeri taşlap gidiň. Sen we Müsürden getiren halkyň Ybraýymyň, Yshagyň we Ýakubyň nesillerine Meniň wada beren ýerime gidiň.


Men sizi Ybraýyma, Yshaga we Ýakuba söz beren ýerime elterin we Men size ol ýeri eýelemäge berjekdirin. Men Rebdirin“».


Ol sürüsini çopan kimin bakýar, guzulary Öz eline alýar, olary göterip, bagryna basýar, ene goýunlara ýol görkezýär.


Emdirýän ene balasyny unudyp bilermi? Özünden önen çaga rehim etmezmi? Hatda ene öz balasyny unutsa-da, Men seni unutmaryn.


Patyşalar saňa atalyk, şa aýallary saňa enelik ederler. Olar saňa tagzym edip, aýak tozuňyzy ýalarlar. Şonda sen Meniň Rebdigimi bilersiň. Maňa umyt baglaýanlar utanja galmaz».


Olary bakar ýaly üstlerinden ýeke-täk çopan goýaryn. Meniň gulum Dawut olary bakar we olaryň çopany bolar.


Men gowy çopandyryn. Gowy çopan goýunlary üçin janyny pida edýändir.


Mesihiň ýolunda siziň müňlerçe terbiýeçiňiz bolsa-da, atalaryňyz azdyr. Men Hoş Habar arkaly siziň Isa Mesihdäki ataňyz boldum.


Eý, eziz balalarym! Siz tä Isa Mesihiň häsiýetlerine doly eýe bolýançaňyz, men ýene-de siziň üçin dogurma burgularyny çekýän ýaly bolýaryn.


Çölde ýol boýy ýöriş edip, şu ýere gelip ýetýänçäňiz, edil enäniň öz çagasyny elinde göterip gelşi ýaly, Hudaýyňyz Rebbiň sizi nähili gorap getirendigini özüňiz gördüňiz.


Biz Mesihiň resullary hökmünde size agram salyp, gopbamsyrap hem bilerdik. Emma biz araňyzda bir gara ýer kimin gezdik, sizi enäniň öz balasyny söýşi dek söýdük.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan