Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 11:11 - Mukaddes Kitap

11 Onsoň Musa Rebbe şeýle diýdi: «Näme üçin Sen Öz guluňy beýle gynaýarsyň? Bütin halkyň ýüküni meniň boýnuma atar ýaly, näme sebäpden men Seniň nazaryňda merhemet gazanmadym?

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

11 Онсоң Муса Реббе шейле дийди: «Нәме үчин Сен Өз гулуңы бейле гынаярсың? Бүтин халкың йүкүни мениң бойнума атар ялы, нәме себәпден мен Сениң назарыңда мерхемет газанмадым?

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 11:11
16 Iomraidhean Croise  

Hudaýa diýerin: „Maňa höküm etme, meni nämede günäkärleýäniňi aýt“.


Eý, Ysraýyl, Rebbe bagla öz umydyňy, şindiden asyrlarboýy!


Ol meniň sadyk söýgimdir, meniň galam, berkitmäm, Halasgärimdir, meniň galkanym, Penakärimdir. Ol halklary maňa tabyn edýändir.


Şeýlelikde, Musa Rebbe dady-perýat edip: «Men bu halky näme edeýin? Olar meni daşlap öldürmäge taýýar ahyryn» diýdi.


Soňra Musa ýene-de Rebbe ýüzlenip: «Eý, Rebbim, näme üçin bu adamlara betbagtlyk getirdiň? Aslynda näme üçin meni goýberdiň?


«Waý meniň halyma! Wah, ejem, sen meni bütin dünýä bilen jedelleşsin hem dawa etsin diýip dogrupsyň! Men hiç kime karz bermedim hem, almadym hem. Şonda-da hemmeler maňa nälet okaýarlar».


Neçün meniň agyrym dyngysyz? Neçün ýaralaryma şypa ýok? Neçün olary bejerip bolmaýar? Sen meniň üçin suwy ygtybarsyz bulak, aldawçy bir çeşme boljakmy?»


Siz, ine, şeýle diýdiňiz: «Hudaýa gulluk etmek bidereklikdir. Hökmürowan Rebbiň buýrugyny berjaý etmekden we Onuň öňünde ýas tutup gezmekden biz näme peýda görýäris?


Musa halkyň, her maşgalanyň öz çadyrynyň agzynda aglaýandyklaryny eşitdi. Rebbiň muňa juda gaharynyň gelendigi üçin, Musanyň jany ýanýardy.


Maňa beýle daraşandan, eger Seniň nazaryňda merhemet gazanan bolsam, gowusy, Sen meniň janymy al, men hem bu azaplardan dynaýyn».


Bulardan başga-da, ähli ýygnaklar baradaky gaýgy-aladalar günde üstümi basmarlaýar.


Ýöne meniň ýeke özüm ähli dawalaryňyzyň agyr ýüküni gerdenimden nädip aýrarkam?


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan