Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 11:10 - Mukaddes Kitap

10 Musa halkyň, her maşgalanyň öz çadyrynyň agzynda aglaýandyklaryny eşitdi. Rebbiň muňa juda gaharynyň gelendigi üçin, Musanyň jany ýanýardy.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

10 Муса халкың, хер машгаланың өз чадырының агзында аглаяндыкларыны эшитди. Реббиң муңа җуда гахарының гелендиги үчин, Мусаның җаны янярды.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 11:10
19 Iomraidhean Croise  

Ol buýurdy-da, tupanly gaý turuzdy, ol hem deňziň tolkunlaryny galkdyrdy.


Munuň üçin Rebbiň gazaby Öz halkyna garşy lowlaýar, elini olara garşy uzadyp, jeza berýär; daglar titreşýär, maslyklary zibil kimin köçelerde ýatyr, Şonda-da Onuň gazaby köşeşmändi, eli entek hem jeza bermäge taýyn.


Saňa beren mülkümi öz günäň bilen ýitirdiň. Men seni tanamaýan ýurduňda duşmanlaryňa gul ederin, çünki siz Meniň gazabymy tutaşdyrdyňyz, ol ebedilik lowlar».


Halk görýän görgüleri hakda Rebbe eşitdirip, şikaýat edip başlady. Reb muny eşidende gaty gaharlandy. Onsoň Rebbiň ody olaryň garşysyna tutaşyp, ýangyn düşelgäniň bir çetini ýok etdi.


Onsoň Musa Rebbe şeýle diýdi: «Näme üçin Sen Öz guluňy beýle gynaýarsyň? Bütin halkyň ýüküni meniň boýnuma atar ýaly, näme sebäpden men Seniň nazaryňda merhemet gazanmadym?


Düşelgäniň üstüne gije düşýän çyg bilen bile manna-da ýagardy.


Musa juda kiçigöwünli adamdy, beýle adam ýer ýüzünde başga ýokdy.


Olara garşy Rebbiň gahary geldi we Reb ol ýerden gitdi.


Jemagat Koranyň, Datanyň we Abyramyň çadyrlaryndan uzaga çekildi. Datan bilen Abyram bolsa daş çykyp, aýallary, çagalary bilen öz çadyrlarynyň girelgesiniň öňünde durdular.


Olar Hudaýyň we Musanyň garşysyna: «Bizi Müsürden çölde gyrylmagymyz üçin alyp gaýtdyňyzmy? Bu ýerde ne çörek, ne-de suw bar. Bu tagamsyz iýmitden-de halys irdik» diýdiler.


Isa muny görende, gahary geldi. Ol şägirtlerine: «Çagalary Meniň ýanyma goýberiň, olary saklamaň. Hudaýyň Şalygy şular ýalylaryňkydyr.


Isa töweregindäkilere gahar bilen bakyp, olaryň doňýürekdigine gynandy. Ýaňky adama: «Eliňi uzat!» diýdi. Ol hem elini uzatdy welin, eli doly sagaldy.


Çünki ot bolup tutaşar Meniň gazabym, ölüler dünýäsiniň düýbüne çenli ýanar. Ýeri nygmatlary bilen bile ýuwudar ol ot, daglaryň binýadyny ýakyp kül eder.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan