Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 11:1 - Mukaddes Kitap

1 Halk görýän görgüleri hakda Rebbe eşitdirip, şikaýat edip başlady. Reb muny eşidende gaty gaharlandy. Onsoň Rebbiň ody olaryň garşysyna tutaşyp, ýangyn düşelgäniň bir çetini ýok etdi.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

1 Халк гөрйән гөргүлери хакда Реббе эшитдирип, шикаят эдип башлады. Реб муны эшиденде гаты гахарланды. Онсоң Реббиң оды оларың гаршысына туташып, янгын дүшелгәниң бир четини ёк этди.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 11:1
40 Iomraidhean Croise  

Onan Rebbiň nazarynda pislik edendigi üçin, Reb ony öldürdi.


Ýas gutarandan soň, Dawut adam iberip, ol aýaly köşgüne getirtdi. Şeýdip, ol Dawudyň aýaly boldy. Ondan Dawudyň bir ogly boldy. Ýöne Dawudyň eden bu işi Rebbiň nazarynda nejislikdi.


Ylýas oňa: «Eger men Hudaýyň adamy bolsam, goý, Hudaý gökden ot inderip, seni we seniň elli adamyňy ýakyp kül etsin» diýdi. Onsoň gökden Hudaýyň ody inip, ol ellibaşyny we onuň elli adamyny ýakyp kül etdi.


Ol sözüni soňlamanka, ikinji bir çapar gelip: «Gökde ýyldyrym çakyp, goýunlaryňyň we hyzmatkärleriňiň baryny ýakyp, küle öwürdi. Saňa şu habary ýetirmek üçin diňe men gaçyp gutuldym» diýdi.


Olar iýmitiň islendigini ýigrendi, ölüm derwezeleriniň agzyna bardy.


Irden bolsa siz Rebbiň şöhratyny görersiňiz, sebäbi Reb siziň Özüne garşy edýän zeýrençleriňizi eşitdi. Bizden nalar ýaly, biz kim bolupdyrys?» diýdiler.


Musa Haruna: «Bütin ysraýyl halkyna aýt: „Indi olar Rebbiň huzuryna gelsinler, çünki Reb olaryň nalasyny eşitdi“» diýdi.


Ysraýylyň Nury ot, onuň Mukaddesi ýalyn bolar, ýalyn onuň tikenleridir çalylaryny bir günde ýakyp-ýandyrar.


Jesetler ýakylýan bir ýer taýynlandy, hawa, ol patyşa üçin taýynlandy; ol ýer çuňňur hem giň edildi, ol odun bilen dolduryldy. Kükürt akymy kimin ony ýandyrar Rebbiň demi.


Siondaky günäkärler dowla düşüp, hudaýsyzlar lerzana geldi: «Haýsymyz ýalmaýan oduň başynda ornaşyp bileris?»


Öz günäleri üçin jezasyn alsa, diri galan adam näme üçin zeýrensin?


Müsür çölünde ata-babalaryňyza nähili höküm çykaran bolsam, size hem şeýle höküm çykararyn. Muny Hökmürowan Reb diýýär.


Rebbiň huzuryndan duýdansyz ot gelip, Harunyň ogullaryny ýakyp kül etdi we olar Rebbiň huzurynda şol bada jan berdiler.


Rebbiň öňünde daglar titreýär, baýyrlyklar ereýär, ýer sarsýar, dünýä ilaty bilen lerzana gelýär.


Onuň öňünden gyrgyn keseli, yzyndan ölüm gitdi.


Onsoň ysraýyllar Rebbiň dagyndan gaýdyp, üç gün ýörediler. Olaryň düşlejek ýerini tapmak üçin, Rebbiň Äht sandygy hem ýoluň bütin dowamynda olaryň öňünden barýardy.


Halka-da aýt, ertir üçin inlerini tämizläp, mukaddes etsinler, çünki ertir olar et iýerler. „Wah, indi et iýmäge-de zar bolduk. Müsürde ýaşaýşymyz, mundan has oňatdy“ diýip nalaýanyňyzy Reb eşitdi. Şonuň üçin Reb size iýer ýaly et berjek.


Olar: «Reb diňe bir Musa bilen gepleşmän, biziň bilenem gepleşdi ahyryn» diýdiler. Reb olaryň bu diýenlerini eşitdi.


Bütin ysraýyl halky Musa bilen Harundan zeýrenişip, şeýle diýdi: «Biz Müsür ýurdunda ýa-da bu çöllükde ölen bolsak, mundan gowy bolardy!


Meniň şöhratymy, Müsürde we çölde görkezen alamatlarymy gören, şonda-da Meni on gezek synap, Meniň sözüme boýun bolmadyklaryň hiç biri


«Bu azgyn halk haçana çenli Meniň garşyma şikaýat etjekkä? Men ysraýyllaryň Meniň garşyma şikaýat edip hüňürdeşýändiklerini eşitdim.


Olara aýt, Öz barlygymdan ant içip aýdýaryn, Men siziň nalap aýdan zatlaryňyzyň baryny öz başyňyza getirerin.


Sen ähli ýoldaşlaryň bilen bile Haruna garşy bolduň, hakykatda bolsa bu siziň Rebbe garşy boldugyňyzdyr».


Onsoň Rebden bir ot çykyp, ýakymly ysly tütetgi hödür eden iki ýüz elli kişini ýakyp ýok etdi.


Meniň saýlan adamymyň hasasy gögerer, şeýdip, Men ysraýyllaryň sizden närazylyklarynyň soňuna çykaryn».


Olar Hudaýyň we Musanyň garşysyna: «Bizi Müsürden çölde gyrylmagymyz üçin alyp gaýtdyňyzmy? Bu ýerde ne çörek, ne-de suw bar. Bu tagamsyz iýmitden-de halys irdik» diýdiler.


Olaryň käbirleri ýaly hüňürdemäliň: olar Ölüm perişdesiniň elinden öldi.


Ysgyn-mydarsyz galan wagtyňyz, olar Hudaýdan gorkman, ýolda üstüňize çozup, siziň yzda galanlaryňyzyň hemmesini gyrdylar.


Çünki ot bolup tutaşar Meniň gazabym, ölüler dünýäsiniň düýbüne çenli ýanar. Ýeri nygmatlary bilen bile ýuwudar ol ot, daglaryň binýadyny ýakyp kül eder.


Tabgerada-da, Masada-da, Kibrothatawada-da Rebbiň gaharyny getirdiňiz.


sebäbi Hudaýymyz ýakyp-ýandyryjy otdur.


Ekinleriňizi oran orakçylary aldap, iş hakyny bermediňiz, bu şol pullaryň perýadydyr. Orakçylaryň dady-perýady Hökmürowan Rebbiň gulagyna ýetdi.


Olar hemme zatdan nägile bolup, zeýrenip ýörenlerdir. Diňe öz pis höweslerine eýerýändirler; gopbamsy gürläp, öz bähbidini arap, ikiýüzlülik edýändirler.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan