Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 10:9 - Mukaddes Kitap

9 Ýurduňyzda siziň üstüňize çozan duşmana garşy söweşe çykanyňyzda, surnaýlar bilen söweş sazyny çalyň. Şonda Hudaýyňyz Reb sizi ýatlar we duşmanlaryňyzdan halas eder.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

9 Юрдуңызда сизиң үстүңизе чозан душмана гаршы сөвеше чыканыңызда, сурнайлар билен сөвеш сазыны чалың. Шонда Худайыңыз Реб сизи ятлар ве душманларыңыздан халас эдер.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 10:9
34 Iomraidhean Croise  

Nuh hem-de onuň bilen gämide bolan haýwanlardyr mallaryň ählisini Hudaý ýatdan çykarmandy. Hudaý ýerde şemal öwüsdirdi; suw çekilmäge başlady.


Hudaý biziň baştutanymyzdyr. Onuň ruhanylarynyň ellerinde size garşy urşy yglan etmäge surnaýlar bardyr. Eý, ysraýyllar, atalaryňyzyň Hudaýy Rebbiň garşysyna uruş etmäň, çünki siz ýeňiş gazanyp bilmersiňiz».


Ýahudalar özleriniň hem öňlerinde, hem yzlarynda söweş gidýändigini gördüler. Olar Rebbe perýat etdiler, ruhanylar surnaýlaryny çaldylar.


Olar çöl-beýewanda sergezdan boldy, ilatly şähere eltýän ýoly tapyp bilmedi.


Ýüregi dogrular muny görüp şatlanýar, erbetler bolsa agzyny ýumýar.


Eý, bütin dünýäniň ilaty, ýer ýüzünde ýaşaýanlar! Daglaryň çür başynda baýdak dikilende serediň! Surnaý çalnanda diňläň!


Gaty gygyr, çekinme! Sesiňi surnaý kimin gatalt! Halkyma ýazyklaryny, Ýakubyň nesline günälerini yglan et.


Wah janym, wah janym! Agyryma çydamok! Wah, kalbymyň aýnasy! Ýüregim hasrat çekýär, ümsüm bolup bilemok, çünki sen, eý, janym, eşitdiň surnaý sesin, söweş nagrasyn.


Haçana çenli men söweş tuguny görüp, surnaý sesini eşitmelikäm?


Şuny Ýahudada yglan et, Iýerusalimde jar et: «Ýurtda surnaý çalyň! Batly gygyryp diýiň: „Geliň, üýşüp, berk galalara gireliň!“.


Reb şeýle diýýär: «Ammonlaryň Raba şäherine uruş nagralaryny eşitdirjek günlerim geler. Raba bir harabaçylyk üýşmegi bolar, obalary oda ýakylar. Onsoň Ysraýyl özüni eýelänleri eýelär. Muny Reb aýdýandyr.


«Eý, benýamin halky, janyňyzy halas etmek üçin Iýerusalimden gaçyň! Tekowada surnaý çalyň, Beýthakeremde bir nyşan dikiň, çünki demirgazykdan bir betbagtlyk, äpet weýrançylyk ýetip gelýär.


Men siziň üstüňizden gözegçi goýup: „Surnaýyň sesine gulak asyň!“ diýdim. Emma olar: „Gulak asmarys“ diýdiler.


Surnaý çalyndy, ähli zat taýýar; ýöne hiç kim söweşe gitmeýär, çünki gazabym ähli jemagatyň üstündedir.


Gibgada şah çal, Ramada surnaý. Beýtawende söweş tebilini uruň. „Biz siziň arkaňyzda, Benýamin“ diýip, Beýtawende jar çekiň.


«Ysraýyl halkyna aýt: „Ýedinji aýyň birinji güni siziň üçin doly dynçlyk günüdir. Şol gün surnaýlar çalnyp ýatlanýan mukaddes ýygnanyşyk günüdir.


Şäherde surnaý çalnar-da, halkda gorky bolmazmy? Rebbiň Özi indermese, şähere bela gelermi?


Galalara we beýik diňlere hüjüm edilip, uruş surnaýy çalnyp, duýduryş beriljek gündür ol.


Musa olary ruhany Elgazaryň ogly Pinehas bilen bile urşa ugratdy. Pinehas ýanyna mukaddes öýüň enjamlary bilen söweş sazyny çalar ýaly surnaýlar hem aldy.


Ýene-de bir mysal: eger surnaýyň çagyryş sesi aýdyň bolmasa, urşa taýynlanjak barmy?


Duşmanyňyza garşy urşa çykanyňyzda we olaryň atlarynyň, söweş arabalarynyň we goşunynyň özüňiziňkiden agdykdygyny göreniňizde, siz olardan gorkmaň. Çünki sizi Müsürden çykaryp getiren Hudaýyňyz Reb siziň bilendir.


Ýeşuwa ruhanylary çagyryp, olara: «Rebbiň Äht sandygyny göteriň, ýedi sany ruhany bolsa goçuň şahyndan edilen ýedi surnaýy göterip, Rebbiň Äht sandygynyň öňünden ýöresin» diýdi.


Sidonlar, amalekler we mowaplylar size sütem eden wagty Meni çagyranyňyzda, Men sizi olaryň elinden halas etdim.


Şol ýyl olar ysraýyllary dargadyp, olara gaty azar berdiler. Iordanyň gündogaryndaky Gilgatda, ýagny amorlaryň ýerinde ýaşaýan ähli ysraýyllara olar on sekiz ýyllap sütem etdiler.


Reb olar üçin ýolbaşçy serdary çykaranda, Reb serdar bilen bile bolardy, serdaryň ähli ýaşan ömründe, Reb ysraýyllary duşmanlarynyň elinden halas ederdi. Çünki olar sütemiň we zulumyň goly astynda bolanlarynda, Reb olara rehim ederdi.


Ol bu ýere gelip, Efraýym daglygynda şahdan edilen surnaý çaldy. Ysraýyllar onuň bilen birlikde daglykdan indiler. Ehut olaryň öňündedi.


Gidegona Rebbiň Ruhy indi. Şondan soň Gidegon surnaý çalyp, abygezer urugyny öz yzyna düşmäge çagyrdy.


Kuwwatly müsürlileriň we size sütem edenleriň hemmesiniň elinden Men halas etdim. Men olary siziň öňüňizden kowup, şu ýerleri size berdim.


şeýle diýdi: «Ysraýyl Hudaýy Reb şeýle diýýär: „Men Ysraýyly Müsürden çykardym, ony müsürlileriň we beýleki şalyklaryň penjesinden halas etdim“.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan