Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 10:33 - Mukaddes Kitap

33 Onsoň ysraýyllar Rebbiň dagyndan gaýdyp, üç gün ýörediler. Olaryň düşlejek ýerini tapmak üçin, Rebbiň Äht sandygy hem ýoluň bütin dowamynda olaryň öňünden barýardy.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

33 Онсоң ысрайыллар Реббиң дагындан гайдып, үч гүн йөредилер. Оларың дүшлеҗек ерини тапмак үчин, Реббиң Әхт сандыгы хем ёлуң бүтин довамында оларың өңүнден барярды.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 10:33
25 Iomraidhean Croise  

Goý, gökler begensin, ýer hem şatlansyn. Deňiz we onuň içindäkileriň ählisi, goý, güwwüldeşsin.


Musa Hudaý bilen duşuşmak üçin daga çykdy. Dagyň depesinden Reb ony çagyryp, şeýle diýdi: «Ysraýyllara, ýagny Ýakubyň nesline şuny aýt:


Şol wagtlar Musa gaýynatasy Midýan ruhanysy Ýitronyň sürüsini bakýardy. Bir gün ol sürüsini çölüň içi bilen sürüp, Hudaý dagy Horebe geldi.


Şol gün Ýyşaýyň köki halklara nyşan bolar; milletler Oňa ýüz tutarlar, Onuň mesgeni şöhratly bolar.


Olara: «Bu dynçlyk ýeridir, argynlara dynç beriň, bu dynçlyk ýeridir» diýdi; emma diňlemek islemediler.


Reb şeýle diýýär: «Gökler Meniň tagtym, ýer aýagyma kürsüdir. Maňa gurjak öýüňiz hany?! Dynçlyk mekanym nirede boljak?!


Siz ýurtda köpelip, san-sajaksyz bolanyňyzda, olar gaýdyp Rebbiň Äht sandygyny agzamazlar. Muny Reb aýdýandyr. Ol kellä gelmez ýa-da ýatlanylmaz, ony küýsemezler, başgasyny-da ýasamazlar.


Reb şeýle diýýär: «Özlerine rahatlyk gözläp, uzak ýol sökenlerinde, gylyçdan gutulan halk çölde merhemet tapar».


Reb şeýle diýýär: «Ýoluň çatrygynda durup serediň, owalky ýodalar hakda sorap, ýagşy ýoluň nirededigini öwreniň; ondan ýöräň, janyňyz rahatlyk tapar. Emma olar: „Ol ýoldan ýöremeris“ diýdiler.


Hawa, şol gün Men olary Müsür ýurdundan çykaryp, olar üçin gözlän ýurduma, ähli ýurtlardan gözel bolan süýt we bal akýan ýurda getirjekdigime söz berdim.


Ysraýyllar göçmäge taýýarlanyp, Sinaý çölünden çykyp ugradylar. Bulut Paran çölüne gelip durdy.


«Bu Kanun kitabyny alyp, Hudaýyňyz Rebbiň Äht sandygynyň ýanynda goýuň. Goý, ol şol ýerde size garşy şaýat bolup galsyn.


Men iki ýasy daş bölegini almaga, ýagny Rebbiň siz bilen eden äht daşlaryny almaga daga çykanymda, men kyrk gije-gündizläp dagda boldum. Ol ýerde men ne çörek iýdim, ne-de suw içdim.


Islegini amala aşyrmagymyz üçin, goý, parahatlyk berýän Hudaý bizi ähli gerekli zatlar bilen üpjün etsin. Ol Rebbimiz Isany ebedilik äht baglaşýan gany arkaly ölümden direltdi we Ony Öz halkynyň beýik Çopany edip belledi. Goý, Hudaý Özüni hoşnut edýän işleri etmegimiz üçin, Isa Mesih arkaly bizi kämilleşdirsin. Isa Mesihe baky şan-şöhrat bolsun! Omyn.


Ysraýyllar üçin Rebbiň Äht sandygynyň öňünde Iordan derýasynyň suwunyň kesilendigini, Äht sandygy göterilip getirilende, suwlaryň yza çekilendigini olara gürrüň beriň. Şeýlelikde, bu daşlar ysraýyllar üçin asyrlar boýy subutnama bolar».


Hudaýyň Äht sandygy şonda şol ýerdedi we oňa Harunyň ogly Elgazaryň ogly Pinehas ýolbaşçylyk edýärdi. Ysraýyllar Rebden: «Doganymyz bolan benýaminleriň garşysyna söweşmäge gidelimi ýa-da ýok?» diýip soradylar. Reb: «Gidiň, ertir Men olary siziň eliňize bererin» diýdi.


Goşun düşelgä gaýdyp gelende, Ysraýylyň ýaşululary şeýle diýdiler: «Näme üçin Reb bizi piliştliler bilen söweşde ýeňlişe sezewar etdikä? Geliň, Rebbiň Äht sandygyny Şilodan şu ýere alyp geleliň. Goý, ol biziň aramyzda bolup, bizi duşmanyň elinden halas etsin».


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan