Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 10:32 - Mukaddes Kitap

32 Eger biziň bilen gitseň, Rebbiň bize etjek ýagşylyklaryny seniň bilen paýlaşarys» diýdi.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

32 Эгер бизиң билен гитсең, Реббиң бизе этҗек ягшылыкларыны сениң билен пайлашарыс» дийди.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 10:32
8 Iomraidhean Croise  

Araňyzda ýaşaýan gelmişekler siziň üçin ildeşiňiz ýaly bolsun. Olary özüňizi söýşüňiz ýaly söýüň, çünki sizem Müsür ilinde gelmişek bolupdyňyz. Hudaýyňyz Reb Mendirin.


Ol ýetimiň we duluň hakyny alyp berýär. Gelmişekleri gowy görüp, olary iýmit we geýim-gejim bilen üpjün edýär.


Hawa, siziň-de biziň bilen ýakyn gatnaşykda ýaşamagyňyz üçin, görüp-eşidenlerimizi size mälim edýäris. Biziň özümiziň hem Atamyz we Onuň Ogly Isa Mesih bilen ýakyn gatnaşygymyz bardyr.


Keýnlerden bolan Musanyň gaýynatasynyň nesilleri ýahudalar bilen bilelikde Palma galasyndan çykyp, Aradyň golaýynda Negepdäki Ýahuda çölüne ýaşamaga gitdiler. Ol ýerde olar amalekleriň arasynda ornaşdylar.


Keýn tiresinden bolan Heber Kedeşiň golaýynda ýerleşen Saganannymda, dub agajynyň ýanynda çadyr gurupdy. Heber şol wagtlar beýleki keýnlerden aýry ýaşaýardy. Keýn tiresi Musanyň gaýynatasy Hobabyň nesillerindendi.


Ýonatan öz ýaraglaryny göterýän nökerine şeýle diýdi: «Ýör, şol sünnetsizleriň üstüne gideli. Belki, Reb biziň işimizi oňuna eder. Çünki köpüň elinden ýa-da azyň elinden halas etmäge Reb üçin hiç hili kynçylyk ýokdur».


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan