Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 10:30 - Mukaddes Kitap

30 Emma Hobap oňa: «Ýok, men gitjek däl. Men öz ýurduma, garyndaşlarymyň ýanyna gitjek» diýdi.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

30 Эмма Хобап оңа: «Ёк, мен гитҗек дәл. Мен өз юрдума, гарындашларымың янына гитҗек» дийди.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 10:30
12 Iomraidhean Croise  

Reb Ybrama şeýle diýdi: «Öz ýurduňy, kowumdaşlaryňy we ataňyň hojalygyny taşla-da, Meniň saňa görkezjek ülkäme git.


Bar, seniň gaýdanyň hiç diýeli. Men seniň ataň öýündäkileriň didaryna gaty zar bolandygyňy bilýärin. Ýöne meniň hudaýlarymy ogurlap gaýtmaň näme?»


Ol ýeriň ujuna çenli uruşlary togtadýar, ýaýlary kül-owram edýär, naýzalary ikä bölüp taşlaýar, galkanlary ot-ýalynda ýandyrýar.


Soňra Musa gaýynatasyny ugratdy. Ýitro yzyna, öz ýurduna gaýtdy.


Isa söze başlady: «Siz muňa näme diýersiňiz? Bir adamyň iki ogly bar eken. Ol birinji oglunyň ýanyna baryp: „Oglum, bu gün git-de, üzümçilikde işle“ diýýär.


Emma ol: „Gitjek däl!“ diýip jogap berýär. Ýöne soňrak muňa gaýtmyşym edip, ol ýere gidýär.


«Kim Meniň ýanyma gelip, atasyny, enesini, aýalyny, bala-çagasyny, doganyny, uýasyny, hatda öz janyny hem ýigrenmese, Meniň şägirdim bolup bilmez.


Şonuň üçin-de, biz indi hiç kime ynsan nukdaýnazaryndan garamaýarys. Eger Isa Mesihe hem ozal şu nukdaýnazardan garan bolsak, mundan beýläk garamarys.


Bu adamlaryň hemmesi iň soňky demine çenli Hudaýa iman edip ýaşadylar. Olar wada edilen ýurda gowuşmasalar-da, ol ýeri uzakdan görüp şatlandylar. Özleriniň ýer ýüzünde gelmişek hem ýatdyklaryny boýun aldylar.


Mülk edip beren ýurduna ibermek üçin Hudaý Ybraýymy çagyranda, ol iman arkaly Oňa tabyn boldy, nirä barýandygyny bilmezden ýola düşdi.


Keýnlerden bolan Musanyň gaýynatasynyň nesilleri ýahudalar bilen bilelikde Palma galasyndan çykyp, Aradyň golaýynda Negepdäki Ýahuda çölüne ýaşamaga gitdiler. Ol ýerde olar amalekleriň arasynda ornaşdylar.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan