Musa gaýynatasy midýanly Reguwalyň ogly Hobaba: «Biz Rebbiň „size berjek“ diýen ýerine tarap ýola düşýäris. Ýör, biziň bilen git, biz saňa ýagşylyk ederis. Çünki Reb Ysraýyla ýagşylyk etjekdigini wada berdi» diýdi.
Ysraýyllar edil Rebbiň Musa buýruşy ýaly etdiler. Olaryň her biri öz tugy astynda ýerleşip, öz urugyna we kowumyna görä, aýdylan tertipde ýörişe çykdylar.