Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 10:12 - Mukaddes Kitap

12 Ysraýyllar göçmäge taýýarlanyp, Sinaý çölünden çykyp ugradylar. Bulut Paran çölüne gelip durdy.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

12 Ысрайыллар гөчмәге тайярланып, Синай чөлүнден чыкып уградылар. Булут Паран чөлүне гелип дурды.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 10:12
22 Iomraidhean Croise  

Oglan Paran çölünde ýaşaýardy. Ejesi ony müsürli bir gyza öýerdi.


Olar Midýandan çykyp, Parana geldiler, Parandan hem ýanlaryna birnäçe adam alyp, Müsüre, Müsür patyşasy faraonyň ýanyna bardylar. Patyşa Hadada ýaşamaga jaý we mellek ýer berip, ony azyk bilen üpjün etdi.


Ysraýyllar Sukotdan çykyp, çölüň çetindäki Etamda düşlediler.


Hudaý Teýmandan, Mukaddes Bolan Paran dagyndan geldi. Sela Onuň şöhraty gökleri gaplady, ýer ýüzi Oňa bolan öwgülerden doldy.


Reb Sinaý çölünde ysraýyl halkynyň Müsürden çykanynyň ikinji ýylynyň ikinji aýynyň birinji güni Özüne ýüz tutulýan çadyryň içinde Musa şeýle diýdi:


Onsoň ysraýyllar Rebbiň dagyndan gaýdyp, üç gün ýörediler. Olaryň düşlejek ýerini tapmak üçin, Rebbiň Äht sandygy hem ýoluň bütin dowamynda olaryň öňünden barýardy.


Olar ýurdy kyrk günläp synlansoňlar, yzlaryna gaýtdylar.


«Meniň ysraýyllara berýän Kengan ýurdumy synlamak üçin, tireleriň hersinden bir serdary içaly edip, ol ýere iber».


Ysraýyllar edil Rebbiň Musa buýruşy ýaly etdiler. Olaryň her biri öz tugy astynda ýerleşip, öz urugyna we kowumyna görä, aýdylan tertipde ýörişe çykdylar.


Ysraýyllaryň Müsürden çykanlaryndan soňky ikinji ýylyň birinji aýynda Reb Sinaý çölünde Musa bilen gepleşip, şeýle diýdi:


Bulut çadyryň üstünden göterilensoň, ysraýyllar ýola düşerdiler. Bulut nirä gelip dursa, ysraýyllar hem şol ýerde düşelge gurardylar.


Şoňa görä, ysraýyllar Sinaý çölünde birinji aýyň on dördüne, agşamara Pesah baýramyny bellediler. Ysraýyllar Rebbiň Musa tabşyran zatlarynyň ählisini berjaý etdiler.


Ine, bu sözler Musanyň Iordan derýasynyň gündogarynda – çöllükde ýaşaýan tutuş ysraýyl halkyna aýdan sözleri. Olar Supuň garşysyndaky Araba düzlüginde, Paran galasy bilen Topel, Laban, Haserot we Dizahap galalarynyň aralygynda ýaşaýardylar.


«Soňra Hudaýymyz Rebbiň edil bize buýruşy ýaly, biz Horep dagyndan çykyp, amorlaryň ýaşaýan daglygynyň üsti bilen tä Kadeşbarneýa baryp ýetýänçäk, siziň gören ägirt uly we ýowuz çölüňiziň içi bilen gitdik.


Indi ýörişiňizi dowam ediň, amorlaryň ýaşaýan daglygyna, şeýle hem, goňşy ülkelere: Araba düzlügine, daglyga, günbatar baýyrlyklara, Negep çölüne, deňiz ýakasyndaky Kengan ýurduna, Liwana we beýik Ýewfrat derýasyna çenli gidiň.


Ol şeýle diýdi: «Reb Sinaý dagyndan geldi, halkyna Segirden dogdy, Paran dagyndan nur saçdy. Ýanynda on müňlerçe perişde bardy, sag elinde lowlaýan ot bardy.


Şamuwel aradan çykdy; bütin Ysraýyl ýygnanyp, onuň ýasyny tutdy. Ony Ramadaky öz mülkünde jaýladylar. Şondan soň Dawut Paran çölüne gitdi.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan