Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 10:10 - Mukaddes Kitap

10 Şat günüňizde, bellemeli baýramlaryňyzda we her aýyň başynda, ýakma we salamatlyk gurbanlygyňyzyň başynda surnaýlary çalyň. Olar siziň Hudaýyňyz Rebbiň huzurynda ýatlanmagyňyz üçin hyzmat eder. Hudaýyňyz Reb Mendirin».

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

10 Шат гүнүңизде, беллемели байрамларыңызда ве хер айың башында, якма ве саламатлык гурбанлыгыңызың башында сурнайлары чалың. Олар сизиң Худайыңыз Реббиң хузурында ятланмагыңыз үчин хызмат эдер. Худайыңыз Реб Мендирин».

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 10:10
34 Iomraidhean Croise  

Adamsy ondan: «Bu gün aýyň başy däl ýa-da Sabat güni däl. Sen näme üçin onuň ýanyna şu gün gitjek?» diýip sorady. Aýaly hem: «Hemme zat gowy, alada etme» diýip jogap berdi.


Şebanýa, Ýoşapat, Netanel, Omasaý, Zakarýa, Benaýa, Eligezer hem-de ruhanylar Hudaýyň sandygynyň öňünde surnaý çalmalydylar. Obededom bilen Ýehiýa hem sandyk üçin bellenen derwezebanlardy.


Şeýdip, ysraýyllar şagalaň bilen, şahdan edilen surnaýlaryň, kernaýlaryň, kimwallaryň şowhuny, arfadyr liralaryň belent owazy bilen Rebbiň Äht sandygyny getirdiler.


Heýmanyň, Ýedutunyň elinde saz çalmak üçin surnaýlardyr kimwallar bardy. Hudaý üçin aýdym aýdýanlara-da saz gurallaryny berdi. Ýedutunyň ogullaryny derwezeban edip goýdy.


Lewiler Dawudyň saz gurallary, ruhanylar hem surnaýlary bilen durdular.


Bütin halk ybadat edip, aýdymçylar aýdym aýdyp, surnaýçylar surnaý çaldylar. Aýdym-saz tä ýakma gurbanlygy tamamlanýança dowam etdi.


Ruhanylar öz wezipelerinde durdular, lewiler-de Dawudyň tabşyryşy ýaly: «Onuň sadyk söýgüsi bakydyr!» diýip, Rebbe öwgi aýtdylar. Olar Dawut patyşanyň ýasadan saz gurallary bilen saz çaldylar. Lewileriň öňünde ruhanylar surnaý çaldylar. Bütin ysraýyl halky dik durdy.


Ussalar Rebbiň ybadathanasynyň düýbüni tutanlarynda, Ysraýyl patyşasy Dawudyň girizen düzgünine görä, ýörite lybaslaryny geýnen ruhanylar surnaýlar, Asafyň neslinden bolan lewiler bolsa kimwallar alyp, Rebbe alkyş aýtmak üçin öňe çykdylar.


Şeýle hem elleri surnaýly käbir ruhany ogullary: Şemagýanyň agtygy, Ýonatanyň ogly Zakarýa. Onuň ata-babalaryna Asafyň urugyndan Matanýa, Mikaýa we Zakur degişlidir.


Ony surnaýlaryň sesi bilen şöhratlandyryň, arfada we lirada şöhratlandyryň!


Adalatly çözüň garybyň, ýetimiň dawalaryny, goraň ezileniň, mätäjiň hak-hukugyny.


Halas ediň ejiz bilen mätäji, erbetleriň golundan azat ediň olary.


Muşakgat çekdiren günleriňiň, ýamanlyk gören ýyllarymyzyň öwezini dolup, bizi şat eýle.


Şeýlelikde, Harun mukaddes otaga girende, ýüzünde Ysraýylyň ogullarynyň atlary ýazylan bu höküm gursakçasyny ýüreginiň üstünden dakyp barsyn. Şonda Men Reb halkymy hemişe ýatlap duraryn.


Ysraýyllaryň günälerinden saplanmagy üçin, olardan pul ýygna we ony Maňa ýüz tutulýan çadyryň hyzmaty üçin sarp et. Jany üçin töleýän tölegi Meniň huzurymda ysraýyllara ýatlama bolar».


Şol gün uly surnaý çalnar; Aşur ýurdunda heläk bolanlar, Müsüre sürgün edilenler gelip, Iýerusalimdäki mukaddes dagda Rebbe ybadat ederler.


«Ysraýyl halkyna aýt: „Ýedinji aýyň birinji güni siziň üçin doly dynçlyk günüdir. Şol gün surnaýlar çalnyp ýatlanýan mukaddes ýygnanyşyk günüdir.


Ýurduňyzda siziň üstüňize çozan duşmana garşy söweşe çykanyňyzda, surnaýlar bilen söweş sazyny çalyň. Şonda Hudaýyňyz Reb sizi ýatlar we duşmanlaryňyzdan halas eder.


Her aýyň başynda iki öküzçäni, bir goçy, şikessiz ýedi sany birýaşar erkek toklyny ýakma gurbanlygy hökmünde Rebbe bagyş etsinler.


Ýedinji aýyň birinji gününde siz mukaddes ýygnanyşyk geçiriň we şol gün işlemäň. Bu gün siziň üçin surnaý çalynýan gündür.


Eý, argynlar, agyr ýüklüler, Meniň ýanyma geliň, Men size dynçlyk bereýin.


Korneliý gorky içinde gözlerini oňa dikip: «Gulak asýan!» diýdi. Perişde oňa: «Seniň Hudaýa eden dogalaryň, garyplara paýlan sadakalaryň Onuň nazarynda kabul boldy.


Bu iň soňky surnaý çalnanda göz-açyp ýumasy salymda, bir pursatda amala aşar. Surnaý çalnar, merhumlar çüýremezek halda direldiler, biz hem özgerdileris.


Rebbiň Özi hökmürowan gygyryş bilen, Öz surnaýy bilen, baş perişdäniň sesi bilen göklerden iner. Şonda ilki bilen Mesihe gowşan merhumlar direler.


Şoňa görä-de, şu sözler bilen birek-biregi ruhlandyryň.


Ysraýyllar üçin Rebbiň Äht sandygynyň öňünde Iordan derýasynyň suwunyň kesilendigini, Äht sandygy göterilip getirilende, suwlaryň yza çekilendigini olara gürrüň beriň. Şeýlelikde, bu daşlar ysraýyllar üçin asyrlar boýy subutnama bolar».


Batly çalnan surnaýlaryň seslerini eşiden badyňyza, ähliňiz gaty sesiňiz bilen gygyryň, şonda galanyň diwarlary ýykylar. Şol wagt ähli adamlar galanyň içine kürsäp girsinler».


Mukaddes Ruh we Gelinlik «Gel!» diýýärler. Eşidýän her kes hem «Gel!» diýsin. Suwsan gelsin. Kim öz teşneligini gandyrmak islese, goý, ýaşaýyş suwundan mugt içsin!


Dawut Ýonatana şeýle diýdi: «Ertir Täze Aý baýramydyr. Men patyşa bilen bile nahar edinmelidirin. Ýöne sen maňa gitmäge we üçünji gün agşama çenli meýdanda gizlenmäge rugsat ber.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan