Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 10:1 - Mukaddes Kitap

1 Reb Musa şeýle diýdi:

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

1 Реб Муса шейле дийди:

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 10:1
20 Iomraidhean Croise  

Olar Ýusuba: «Biz gullaryňyz jemi on iki dogandyrys we Kenganda ýaşaýan bir adamyň ogullarydyrys. Körpämiz kakamyzyň ýanynda galdy, bir doganymyz ýitdi» diýip jogap berdiler.


Bu ogullary hem-de gyzy Dinany Leýa Ýakuba Padanaramda dogrup beripdi. Ýakubyň ähli ogul-gyzlarynyň jemi otuz üç sanydy.


Şunlukda, Dawut hem-de tutuş ysraýyl halky şatlyk bilen gygyryşyp, şahdan edilen surnaý çalyp, Rebbiň sandygyny getirýärdiler.


Görse, ine, patyşa adata görä sütüniň ýanynda durdy. Serkerdelerdir surnaýçylar-da patyşanyň ýanyndadylar. Ýurduň bütin halky şatlanyp, surnaý çalýardy. Atalýa ýakasyny ýyrtyp: «Haýynlyk! Haýynlyk!» diýip gygyrdy.


Görse, ine, patyşa girelgede öz sütüniniň ýanynda durdy. Serkerdelerdir surnaýçylar-da patyşanyň ýanyndadylar. Ýurduň bütin halky şatlanyp, surnaý çalýardy, nagmaçylar hem öz saz gurallary bilen alkyş aýdýardylar. Atalýa ýakasyny ýyrtyp: «Haýynlyk! Haýynlyk!» diýip gygyrdy.


Ähli lewi nagmaçylary: Asaf, Heýman, Ýedutun, olaryň ogullary we garyndaşlary nepis zygyr mata lybaslaryna beslenip, kimwallary, liralary we arfalary bilen gurbanlyk sypasynyň gündogar tarapynda ýüz ýigrimi sany surnaýçy ruhany bilen durdular.


Ruhanylar öz wezipelerinde durdular, lewiler-de Dawudyň tabşyryşy ýaly: «Onuň sadyk söýgüsi bakydyr!» diýip, Rebbe öwgi aýtdylar. Olar Dawut patyşanyň ýasadan saz gurallary bilen saz çaldylar. Lewileriň öňünde ruhanylar surnaý çaldylar. Bütin ysraýyl halky dik durdy.


Ussalar Rebbiň ybadathanasynyň düýbüni tutanlarynda, Ysraýyl patyşasy Dawudyň girizen düzgünine görä, ýörite lybaslaryny geýnen ruhanylar surnaýlar, Asafyň neslinden bolan lewiler bolsa kimwallar alyp, Rebbe alkyş aýtmak üçin öňe çykdylar.


Ine, patyşalar agyz birikdirdiler, bilelikde ol ýerlerden geçdiler.


Adalatly çözüň garybyň, ýetimiň dawalaryny, goraň ezileniň, mätäjiň hak-hukugyny.


Ruhanylarynyň arasynda Musa, Harun bar, Rebbi çagyrýanlaryň arasynda Şamuwel hem bar. Olar Rebbe doga etdiler, Ol jogap berdi.


Ysraýyllaryň hersi bölünen tire toparyna görä, öz düşelgesinde öz tugy astynda düşlesinler.


«Özüňe döwme sap kümüşden iki sany surnaý ýasa. Olary jemagaty çagyrmak we düşelgeleri göçürmek üçin ulanarsyň.


Ýedinji aýyň birinji gününde siz mukaddes ýygnanyşyk geçiriň we şol gün işlemäň. Bu gün siziň üçin surnaý çalynýan gündür.


Şondan soň ilat sanawyna ýolbaşçylyk eden ysraýyl baştutanlary, ýagny urugbaşylary we tirebaşylary öz sadakalaryny Rebbiň huzuryna getirdiler. Olar alty sany üsti örtülgi araba bilen on iki öküzi – her iki baştutan üçin bir araba we her baştutan üçin bir öküzi mukaddes çadyryň öňüne getirdiler.


Ysraýyllar Rebbiň buýrugy bilen düşläp, Rebbiň buýrugy bilen hem ýola düşerdiler. Olar Rebbiň Musa arkaly berýän buýruklaryny berjaý etdiler.


Ol belent surnaý sesi bilen Öz perişdelerini ýollar. Perişdeler Onuň saýlanlaryny gögüň bir ujundan beýleki ujuna çenli, dünýäniň dört künjünden ýygnarlar.


Batly çalnan surnaýlaryň seslerini eşiden badyňyza, ähliňiz gaty sesiňiz bilen gygyryň, şonda galanyň diwarlary ýykylar. Şol wagt ähli adamlar galanyň içine kürsäp girsinler».


Men Hudaýyň öňünde duran ýedi perişdäni gördüm. Olara ýedi surnaý berildi.


Üç bölümdäkileriň hemmesi-de surnaýlaryny çalyp, küýzelerini döwdüler. Çep elinde çyrany saklap, sag elinde surnaý çaldylar hem-de: «Reb üçin, Gidegon üçin söweşe çykalyň!» diýip gygyryşdylar.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan