Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 1:54 - Mukaddes Kitap

54 Ysraýyllar edil Rebbiň Musa tabşyryşy ýaly etdiler.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

54 Ысрайыллар эдил Реббиң Муса табшырышы ялы этдилер.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 1:54
17 Iomraidhean Croise  

Soňra ysraýyllar baryp, edil Rebbiň Musa bilen Haruna buýruşy ýaly etdiler.


Şeýlelik bilen, Rebbe ýüz tutulýan mukaddes çadyryň ähli işi tamamlandy. Ysraýyllar ähli zatlary edil Rebbiň Musa buýruşy ýaly ýasadylar.


Musa ähli işiň edil Rebbiň buýruşy ýaly ýerine ýetirilendigini görende, ysraýyllara alkyş aýtdy.


Musa ähli zady edil Rebbiň özüne buýruşy ýaly etdi.


Olar Rebbe ýüz tutulýan çadyra girenlerinde we gurbanlyk sypasynyň ýanyna gelenlerinde, Rebbiň Musa buýruşy ýaly ýuwundylar.


Emma lewiler ysraýyl halkynyň başyna Hudaýyň gazaby inmez ýaly, çadyrlaryny mukaddes äht çadyrynyň töwereginde diksinler. Mukaddes äht çadyryny goramak keşigini-de lewiler çeksinler».


Reb Musa bilen Haruna şeýle diýdi:


Ysraýyllar edil Rebbiň Musa buýruşy ýaly etdiler. Olaryň her biri öz tugy astynda ýerleşip, öz urugyna we kowumyna görä, aýdylan tertipde ýörişe çykdylar.


Selophadyň gyzlary Rebbiň Musa buýruşy ýaly hem etdiler.


Musa bilen Harun we bütin ysraýyl halky lewiler üçin aýdylan zatlary etdiler. Ysraýyllar Rebbiň lewiler hakda Musa buýranlarynyň baryny berjaý etdiler.


Bulut mukaddes çadyryň depesinde iki gün saklansa-da, bir aý saklansa-da, hatda ondan hem uzak wagtlap saklanmagyny dowam etse-de, ysraýyllar düşlän ýerlerinden göçmezdiler. Emma bulut göterilen badyna, olar ýene ýola düşerdiler.


Şoňa görä, ysraýyllar Sinaý çölünde birinji aýyň on dördüne, agşamara Pesah baýramyny bellediler. Ysraýyllar Rebbiň Musa tabşyran zatlarynyň ählisini berjaý etdiler.


Size buýran ähli zatlarymy berjaý etmegi olara öwrediň. Men hemişe, tä dünýäniň ahyryna çenli siziň bilen bolaryn» diýdi.


Meniň buýranlarymyň ählisini yhlas bilen ýerine ýetirmelisiňiz. Olaryň üstüne hiç zat goşmaň hem, olardan hiç zat aýyrmaň hem.


Şamuwel şeýle diýdi: «Rebbe ýakma gurbanlyklardyr sadakalar bereniň bilen, Onuň Özüne boýun egilişindäki ýaly göwni galkynarmyka? Çünki boýun egmeklik gurbanlykdan, gulak asmaklyk goçuň ýagyndan has belentdir.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan