Çölde 1:53 - Mukaddes Kitap53 Emma lewiler ysraýyl halkynyň başyna Hudaýyň gazaby inmez ýaly, çadyrlaryny mukaddes äht çadyrynyň töwereginde diksinler. Mukaddes äht çadyryny goramak keşigini-de lewiler çeksinler». Faic an caibideilМукаддес Китап53 Эмма левилер ысрайыл халкының башына Худайың газабы инмез ялы, чадырларыны мукаддес әхт чадырының төверегинде диксинлер. Мукаддес әхт чадырыны горамак кешигини-де левилер чексинлер». Faic an caibideil |
Soňra Musa Haruna we onuň ogullary Elgazar bilen Ytamara şeýle diýdi: «Saçlaryňyz daralmadyk bolmasyn, ýas baglap, ýakaňyzy ýyrtmaň. Eger siz şularyň birini etseňiz, ölersiňiz we Rebbiň gazaby bütin halkyň başyndan iner. Emma siziň garyndaşlaryňyz we bütin ysraýyl halky Rebbiň ot üsti bilen ýok edenleri üçin ýas tutup bilerler.
Onuň üstesine-de, Ol ysraýyllardan lewileri Haruna we onuň ogullaryna peşgeş hökmünde berdi. Çünki lewiler ysraýyllara derek Rebbe ýüz tutulýan öýde işleýändikleri üçin, ysraýyllary günälerinden saplarlar. Lewiler ysraýyllary mukaddes zatlara has golaý gelmekden gorarlar, ýogsam ysraýyllar heläk bolarlar».