Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 1:50 - Mukaddes Kitap

50 Oňa derek olary mukaddes äht çadyryna, onuň ähli esbaplaryna we oňa degişli zatlaryň hemmesine jogapkär edip goý. Mukaddes çadyry we onuň ähli esbaplaryny olar götersinler we oňa gözegçilik etsinler, öz çadyrlaryny onuň töwereginde diksinler.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

50 Оңа дерек олары мукаддес әхт чадырына, онуң әхли эсбапларына ве оңа дегишли затларың хеммесине җогапкәр эдип гой. Мукаддес чадыры ве онуң әхли эсбапларыны олар гөтерсинлер ве оңа гөзегчилик этсинлер, өз чадырларыны онуң төверегинде диксинлер.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 1:50
30 Iomraidhean Croise  

Şeýdip, Ýowaş patyşa Ýehoýada baştutany çagyryp, oňa şeýle diýdi: «Näme üçin Rebbiň guly Musanyň ysraýyl halkyna Äht çadyry üçin salan salgydyny Ýahudadan we Iýerusalimden getirmekligi lewilerden talap etmediň?»


Bu ýazga Elýaşybyň, Ýoýadanyň, Ýohananyň we Ýaduwanyň döwründe lewi urugbaşylary girizildi. Şeýle hem Darýuş parsyň döwrüne çenli bolan ruhanylar ýazyldy.


Zerubabylyň we Nehemýanyň döwründe bütin ysraýyl halky aýdymçylara we derwezebanlara gündelik paý berýärdi. Şeýle hem ysraýyllar lewilere degişli paýy aýry goýýardylar. Lewiler hem Harunyň nesillerine degişli paýy aýry goýýardylar.


Lewiler: Ýeşuwa, Binnuý, Kadmyýel, Şerebýa, Ýahuda we Matanýa öz doganlary bilen şükür edilende ýolbaşçylyk edýärdiler.


Soňra men lewilere özlerini tämizläp, mukaddes Sabat gününi tutmak üçin gelip, derwezeleri goramaklygy buýurdym. Eý, Hudaýym, meniň haýryma muny ýatlap, merhemetiň çäksizligine görä, meni aman sakla!


Bikärleriň ýaňsylaryndan, tekepbirleriň kemsitmesinden, halys boldy biziň janymyz.


Hudaý Sinaý dagynda Musa bilen gepleşip bolansoň, oňa ýüzüne buýruklar ýazylan iki sany ýasy daş bölegini berdi. Ony Hudaýyň hut Özi ýazypdy.


Ine, mukaddes çadyryň, ýagny mukaddes äht çadyrynyň gurluşynyň beýany: Bu Musanyň buýrugy esasynda işlenip, ruhany Harunyň ogly Ytamaryň görkezmesi boýunça lewileriň ýerine ýetiren işidi.


Emma lewiler ysraýyl halkynyň başyna Hudaýyň gazaby inmez ýaly, çadyrlaryny mukaddes äht çadyrynyň töwereginde diksinler. Mukaddes äht çadyryny goramak keşigini-de lewiler çeksinler».


Soňra mukaddes zatlary göterýän kohatlar ýola düşdüler. Bular baryp ýetýänçä, gerşonlar we merarylar mukaddes çadyry dikerdiler.


Onsoň Musa hasany getirip, Rebbiň huzurynda äht çadyrynda goýdy.


Mundan beýläk ysraýyllaryň depesinden gazabym inmez ýaly, mukaddes ýeriň we gurbanlyk sypasynyň işlerini siziň özüňiz ediň.


Lewileriň düşelgesi Rebbe ýüz tutulýan çadyr bilen bilelikde beýleki düşelgeleriň ortasynda ýöremelidir. Edil düşleýişleri ýaly, her bir adam öz ornunda, öz tugy astynda ýörişe çyksyn.


Soňra Musa elini ýokary galdyryp, hasasy bilen gaýany iki gezek urdy welin, gaýadan şaglap, suw akyp başlady. Bütin halk we olaryň mallary suwdan gandylar.


Düşelge göçmeli bolanda, Harun we onuň ogullary mukaddes öýi we onuň ähli esbaplaryny basyryp bolansoňlar, kohatlar bulary götermäge gelerler. Ýöne olar mukaddes zatlara galtaşmasynlar, ýogsam ölerler. Ine, kohatlaryň çadyrdaky göterjek zatlary şulardyr.


Rebbe ýüz tutulýan çadyrda işlemäge ýarawly, otuz ýaşdan elli ýaşa çenli bolanlarynyň hemmesini hasaba al.


Onuň üstesine-de, Ol ysraýyllardan lewileri Haruna we onuň ogullaryna peşgeş hökmünde berdi. Çünki lewiler ysraýyllara derek Rebbe ýüz tutulýan öýde işleýändikleri üçin, ysraýyllary günälerinden saplarlar. Lewiler ysraýyllary mukaddes zatlara has golaý gelmekden gorarlar, ýogsam ysraýyllar heläk bolarlar».


Musa bilen Harun we bütin ysraýyl halky lewiler üçin aýdylan zatlary etdiler. Ysraýyllar Rebbiň lewiler hakda Musa buýranlarynyň baryny berjaý etdiler.


Şondan soňra lewiler Harunyň we onuň ogullarynyň ygtyýarlygynda Rebbe ýüz tutulýan çadyra hyzmat etmäge girdiler. Olar lewiler hakda edil Rebbiň Musa buýruşy ýaly hem etdiler.


Mundan soň gökdäki ybadathananyň, ýagny äht çadyrynyň açylanyny gördüm.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan