Oňa derek olary mukaddes äht çadyryna, onuň ähli esbaplaryna we oňa degişli zatlaryň hemmesine jogapkär edip goý. Mukaddes çadyry we onuň ähli esbaplaryny olar götersinler we oňa gözegçilik etsinler, öz çadyrlaryny onuň töwereginde diksinler.
Rebbiň Musanyň üsti bilen beren buýrugyna görä, her bir adamyň ýerine ýetirmeli işi we götermeli ýüki belli edildi. Rebbiň buýruşy ýaly, olar Musa tarapyndan hasaba alyndylar.