Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 1:46 - Mukaddes Kitap

46 Olaryň jemi alty ýüz üç müň bäş ýüz elli adam boldy.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

46 Оларың җеми алты йүз үч мүң бәш йүз элли адам болды.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 1:46
24 Iomraidhean Croise  

Senden beýik millet ýaradyp, Men seni ýalkaryn, adyňy arşa götererin, başgalar sen arkaly ýalkanarlar biri-birlerine pata bererler.


Seniň nesliňi edil ýeriň çägeleri kimin san-sajaksyz ederin. Eger ýeriň çägeleri sanalyp bilinýän bolsa, onda seniň nesliň-de sanalyp bilner.


Soňra Reb Ybramy daşary çykaryp: «Asmana seret. Sen şol görünýän ýyldyzlary sanap bilseň sanaý. Seniň şonça-da nesliň bolar» diýdi.


Men seni juda örňederin. Senden milletler hem şalar dörär.


Men hakykatdanam seni ýalkap, seniň nesliňi asman ýyldyzlarydyr deňiz ýakasynyň çägeleri deý köpelderin. Seniň nesliň öz duşmanlaryndan üstün çykar.


Seniň nesliň ýer ýüzüniň çägeleri kimin san-sajaksyz bolar. Olar gündogara, günbatara, demirgazyga hem-de günorta ýaýrarlar. Ýer ýüzüniň ähli halklary sen arkaly hem-de nesliň arkaly pata alarlar.


Ýowap ilat ýazuwynyň netijesi bilen patyşany habardar etdi: Ysraýylyň eli gylyç tutup biljek adamlarynyň sany sekiz ýüz müň, Ýahudanyňky bolsa bäş ýüz müň adam bolup çykdy.


Ýahuda halky bilen ysraýyl halky deňiz ýakasyndaky çäge deý köpdi. Olar iýip-içip, hoşbagtlylykda ýaşadylar.


Ýowap ilat ýazuwynyň netijesini Dawuda berdi. Tutuş Ysraýylda eli gylyç tutup biljek adamlarynyň sany bir million ýüz müňdi, Ýahudanyňky bolsa dört ýüz ýetmiş müň adam bolup çykdy.


Abyýa dört ýüz müň saýlama, batyr ýigitlerden ybarat bolan goşuny bilen urşa girişdi. Ýarobgam hem sekiz ýüz müň saýlama, batyr ýigitleri bilen Abyýanyň garşysyna söweşe çykdy.


Şeýlelik bilen, ysraýyllar Ragmesesden Sukoda tarap ýola düşdüler. Olar aýallardan we çagalardan başga alty ýüz müň töweregi pyýada erkek adamdy.


Bu hasaba alnan, ýaşy ýigrimi we ondan ýokary bolan her adam başyna mukaddes öýüň resmi ölçegi bilen bir mysgaldan düşýärdi. Ol ýerde jemi alty ýüz üç müň bäş ýüz elli erkek adam bardy.


Ysraýyl goşunynda söweşe ukyply, ýaşy ýigrimi we ondan ýokary bolanlaryň ählisi öz kowumlaryna görä hasaba alyndy.


Emma Musa Rebbe şeýle diýdi: «Bu halk alty ýüz müň adamdan ybarat. Sen bolsa olary bir aýlap et bilen bakaryn diýýärsiň.


Şu çölde läşiňizi sererin. Ilat sanawynda hasaba alnyp, ýaşy ýigrimi we ondan ýokary bolup, Menden nalanlaryň


Ysraýyllaryň uruglaryna görä hasaba alnanlarynyň jemi şeýledi. Düşelgelerdäki hasaba alnan goşunyň jemi alty ýüz üç müň bäş ýüz elli adam boldy.


Ýakubyň nesillerini kim sanap biler? Ysraýylyň dörtden birini kim hasaplap biler? Maňa-da dogruçyl adamlaryň ölüşi dek ölmäge, ömrümiň ysraýylyňky deý gutarmagyna rugsat et!»


Sanalyp, hasaba alnan ysraýyllaryň jemi alty ýüz bir müň ýedi ýüz otuz adam boldy.


Siziň ata-babalaryňyz Müsüre gidende ýetmiş adamdy. Ine, häzir bolsa Hudaýyňyz Reb siziň sanyňyzy asmandaky ýyldyzlar deý köpeltdi.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan