Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 1:3 - Mukaddes Kitap

3 Ýaşy ýigrimi we ondan ýokary bolan ysraýyl goşunynda söweşe ukyply hemme adamy Harun ikiňiz topar-topar edip, ýazyp hasaba almalysyňyz.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

3 Яшы йигрими ве ондан ёкары болан ысрайыл гошунында сөвеше укыплы хемме адамы Харун икиңиз топар-топар эдип, язып хасаба алмалысыңыз.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 1:3
16 Iomraidhean Croise  

Ýowap ilat ýazuwynyň netijesi bilen patyşany habardar etdi: Ysraýylyň eli gylyç tutup biljek adamlarynyň sany sekiz ýüz müň, Ýahudanyňky bolsa bäş ýüz müň adam bolup çykdy.


Rubenlerden, gatlardan hem-de gündogardaky manaşa tiresinden gylyçly-galkanly, ýaý bilen ok atýan, söweş tälimini alan, gulluga taýýar kyrk dört müň ýedi ýüz altmyş sany edermen esger bardy.


Amazýa ýahuda halkyny ýygnap, ähli ýahudalary we benýaminleri uruglaryna görä müňbaşylaryň we ýüzbaşylaryň baştutanlygy astynda goýdy. Ýigrimi we ondan ýokary ýaşlylary sanap, olardan naýza we galkan göterip, söweşip biljek üç ýüz müň saýlama esger tapdy.


Şeýle hem, siz Petir baýramyny-da bellemelisiňiz, sebäbi Men sizi Müsürden topar-topar edip, hut şol gün alyp çykdym. Şonuň üçin hem siz bu güni nesilme-nesil ebedilik düzgün edip saklamalysyňyz.


Hasaba alnanlaryň ýaşy ýigrimi we ondan ýokary bolan adamlaryň her biri şu mukdarda Maňa sadaka bersin.


Bu hasaba alnan, ýaşy ýigrimi we ondan ýokary bolan her adam başyna mukaddes öýüň resmi ölçegi bilen bir mysgaldan düşýärdi. Ol ýerde jemi alty ýüz üç müň bäş ýüz elli erkek adam bardy.


Şu çölde läşiňizi sererin. Ilat sanawynda hasaba alnyp, ýaşy ýigrimi we ondan ýokary bolup, Menden nalanlaryň


«Ýaşy ýigrimi we ondan ýokary bolan söweşe ukyply, bütin ysraýyl halkynyň her bir erkeginiň sanyny kowumlaryna görä ýekeme-ýeke hasaba al» diýdi.


«Lewileriň bir aýlyk we ondan ýokary ýaşda bolan erkek göbeklileriniň hemmesini uruglaryna we kowumlaryna görä ýazyp hasaba al» diýdi.


„Müsürden çykan ýaşy ýigrimi we ondan ýokary bolan adamlaryň hiç biri Ybraýyma, Yshaga we Ýakuba wada beren ýurdumy görmez. Çünki olar Maňa bütin kalplary bilen ynanmadylar.


Musa bilen Harunyň ýolbaşçylygy astynda tireme-tire ýöreýän ysraýyllaryň Müsürden çykanlaryndan soňky düşlän düşelgeleri şulardyr.


Rebbe ýüz tutulýan çadyrda işlemäge ýarawly, otuz ýaşdan elli ýaşa çenli bolanlarynyň hemmesini hasaba al.


Eger bir adam täze öýlenen bolsa, ol urşa gitmesin ýa-da oňa hiç hili jogapkärçilikli iş tabşyrylmasyn. Ol bir ýyl öýünde galyp, öz alan aýaly bilen şady-horramlykda ýaşasyn.


Şol wagt men size şeýle buýruk berdim: „Ine, Hudaýyňyz Reb bu ýurdy mülk edinmek üçin size berdi. Ähli söweşijileriňiz ýaraglansynlar-da, ysraýyl doganlaryňyzyň öňünden ýöresinler.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan