Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Çölde 1:16 - Mukaddes Kitap

16 Bular öz kowumlary we tireleri üçin ysraýyl halkynyň içinden bellenen baştutanlardy.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

16 Булар өз ковумлары ве тирелери үчин ысрайыл халкының ичинден белленен баштутанларды.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Çölde 1:16
20 Iomraidhean Croise  

Mundan başga-da, ähli adamlaryň içinden başarjaňlaryny, ýagny Hudaýdan gorkýan, dogruçyl we parany ýigrenýän adamlary saýla. Olary müň adamyň, ýüz adamyň, elli adamyň we on adamyň üstünden baştutan goý.


Musa ähli ysraýyllaryň içinden başarjaň adamlary saýlap, olary halka müňbaşy, ýüzbaşy, ellibaşy we onbaşy edip belledi.


Emma sen, eý, Beýtullaham-Efrat, Ýahuda uruglarynyň kiçisi bolsaň-da, senden çykar Ysraýylda Meniň üçin hökümdarlyk etjek, onuň asly owaldan, gadymdan bäri bardyr.


naftaly tiresinden Eýnanyň ogly Ahura».


Musa bilen Harun bu atlary bellenen adamlary ýanlaryna alyp,


Ýanyňyzda her tireden bir adam, ýagny öz urugynyň baştutany bolsun.


Eger surnaýlaryň biri çalynsa, onda ysraýyl ýolbaşçylary, ýagny tire baştutanlary seniň ýanyňa ýygnansynlar.


Men aşak inip, ol ýerde seniň bilen gepleşerin. Saňa beren Ruhumdan alyp, olara-da bererin. Ana onsoň, halkyň garamatyny ýeke özüň çekmersiň, halkyň garamatyny olar seniň bilen deň çekişerler.


Musa garşy baş göterdiler. Olar jemagatdan saýlanyp, halk baştutanlary bolan atly-abraýly ysraýyllaryň iki ýüz ellisini ýanlaryna aldylar.


Eliýabyň neslinden: Nemuwal, Datan we Abyram. Bular şol halkyň içinden saýlanan, Rebbe boýun egmän, Musa bilen Harunyň garşysyna gozgalaň turzan Koranyň toparyna goşulan Datan bilen Abyramdyr.


Şeýlelikde, Musa Rebbiň buýran zatlarynyň baryny ysraýyl halkynyň dykgatyna ýetirdi.


Şondan soň ilat sanawyna ýolbaşçylyk eden ysraýyl baştutanlary, ýagny urugbaşylary we tirebaşylary öz sadakalaryny Rebbiň huzuryna getirdiler. Olar alty sany üsti örtülgi araba bilen on iki öküzi – her iki baştutan üçin bir araba we her baştutan üçin bir öküzi mukaddes çadyryň öňüne getirdiler.


Şeýlelikde, men siziň her tiräňizden saýlanan bu akylly-paýhasly we tejribeli adamlary siziň üstüňizden baştutan edip, müňbaşylar, ýüzbaşylar, ellibaşylar, onbaşylar goýdum we beýleki baştutanlary belledim.


Gidegon: «Ýa Reb! Men nädip Ysraýyly halas edip bilerin? Meniň urugym manaşa tiresiniň iň ejizidir. Men özüm hem maşgalamyzyň iň kiçisi ahyryn» diýdi.


Şawul ýanyndaky nökerlerine şeýle diýdi: «Eý, benýaminler – tiredeşlerim, indi gulak asyň. Ýyşaýyň ogly siziň her biriňize meýdanlar, üzümçilikler berermikä, ol sizi müňbaşylar hem ýüzbaşylar edermikä?


Onuň gizlenip biläýjek ýerleriniň ählisini gözden geçiriň we anygyna ýetiň-de, maňa belli habar getiriň. Şondan soň men siziň bilen bile giderin. Eger ol ýurduň bir ýerinde bar bolsa, men ony tutuş Ýahudadan taparyn».


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan