Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Аянлык 9:5 - Mukaddes Kitap

5 Olara bu adamlary öldürmän, diňe bäş aýlap gynamaga ygtyýar berildi. Çekirtgeleriň berýän ezýeti içýanlaryň adamy çakanda berýän yzasyna meňzeýärdi.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

5 Олара бу адамлары өлдүрмән, диңе бәш айлап гынамага ыгтыяр берилди. Чекиртгелериң берйән эзъети ичянларың адамы чаканда берйән ызасына меңзейәрди.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Аянлык 9:5
12 Iomraidhean Croise  

Kakam size agyr zulum eden bolsa, men size edilýän zulumy has-da artdyraryn; kakam sizi çyrpy bilen jezalandyran bolsa, men sizi gamçy bilen jezalandyraryn diý» diýdiler.


Rehabgam ýaş ýigitleriň beren maslahatyna eýerip, Ýarobgama we ysraýyl halkyna şeýle jogap berdi: «Kakam size agyr zulum eden bolsa, men size edilen zulumy has-da artdyraryn. Kakam sizi çyrpy bilen jezalandyran bolsa, men sizi gamçy bilen jezalandyraryn».


Reb şeýtana: «Bolýar, Eýýup seniň eliňde, ýöne onuň janyny aýa» diýdi.


Eý, ynsan ogly, sen olardan we olaryň sözlerinden gorkma. Daşyňy çalydyr tikenekler gurşasa-da, içýanlar arasynda ýaşasaň-da gorkma. Olaryň sözlerinden gorkma, ýüzlerinden heder etme, olar pitneçi halkdyr.


Mundan soň gaplaňa meňzeş başga bir jandar gördüm, onuň dört kellesi, arkasynda bolsa dört ganaty bardy. Oňa hökümdarlyk berlendi.


Isa oňa: «Eger saňa ýokardan berilmedik bolsady, Meniň üstümden hiç hili ygtyýaryň bolmazdy. Şonuň üçin hem, Meni tutup, seniň eliňe bereniň günäsi has-da agyrdyr» diýip jogap berdi.


Olar pygamberliklerini tamamlanlarynda, dowzahdan çykan jandar olar bilen urşar. Jandar olary ýeňer we öldürer.


Jandara tekepbir we Hudaýa dil ýetirýän sözleri sowurýan bir agyz berildi. Şeýle hem oňa öz ygtyýaryny kyrk iki aýlap ulanmaklyk hukugy berildi.


Jandara Hudaýyň halky bilen söweşip, olary ýeňmeklik ygtyýary berildi. Şeýle-de oňa her tiräniň, her halkyň, her dilden we her milletiň üstünden höküm sürmeklik ygtyýary berildi.


Içýanlaryňky ýaly guýruklary we neşderleri bardy. Adamlara bäş aýlap ejir çekdirmek üçin berlen güýçleri guýruklaryndady.


Tüsseden ýer ýüzüne çekirtgeler ýagdy. Olara ýer ýüzündäki içýanlaryňky ýaly güýç berlipdi.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan