Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Аянлык 9:3 - Mukaddes Kitap

3 Tüsseden ýer ýüzüne çekirtgeler ýagdy. Olara ýer ýüzündäki içýanlaryňky ýaly güýç berlipdi.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

3 Түсседен ер йүзүне чекиртгелер ягды. Олара ер йүзүндәки ичянларыңкы ялы гүйч берлипди.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Аянлык 9:3
16 Iomraidhean Croise  

Kakam size agyr zulum eden bolsa, men size edilen zulumy has-da artdyraryn; kakam sizi çyrpy bilen jezalandyran bolsa, men sizi gamçy bilen jezalandyraryn diý» diýdiler.


Kakam size agyr zulum eden bolsa, men size edilýän zulumy has-da artdyraryn; kakam sizi çyrpy bilen jezalandyran bolsa, men sizi gamçy bilen jezalandyraryn diý» diýdiler.


Rehabgam ýaş ýigitleriň beren maslahatyna eýerip, Ýarobgama we ysraýyl halkyna şeýle jogap berdi: «Kakam size agyr zulum eden bolsa, men size edilen zulumy has-da artdyraryn. Kakam sizi çyrpy bilen jezalandyran bolsa, men sizi gamçy bilen jezalandyraryn».


Oljaňyz çekirtgeleriň ýygnaýşy kimin ýygnalýar, olar çekirtgeleriň topulyşy deý oljanyň üstüne topulýarlar.


Eý, ynsan ogly, sen olardan we olaryň sözlerinden gorkma. Daşyňy çalydyr tikenekler gurşasa-da, içýanlar arasynda ýaşasaň-da gorkma. Olaryň sözlerinden gorkma, ýüzlerinden heder etme, olar pitneçi halkdyr.


Ýumurtgadan çykan çekirtgeden artan hasyly ganat baglamadyk çekirtge iýdi. Ondan artany ganat baglan çekirtge iýdi, ganat baglan çekirtgeden artan hasyly gemriji çekirtge sürüsi iýdi.


«Men üstüňize iberen ägirt leşgerimiň: ganat baglamadyk, ganat baglan, ýumurtgadan çykan we gemriji çekirtge sürüsiniň hasyly iýip gutaran ýyllarynyň öwezini dolaryn.


Şol ýerde ýanyp kül bolarsyň, sen gylyçdan ölersiň, seni çekirtgäniň ekini ýalmaýşy dek ýalmar. Çekirtgelerçe köpel, teneçirlerçe örňe!


Goragçylaryň teneçirler, baştutanlaryň çekirtge sürüleri ýaly, olar Günüň sergin çagynda haýatlarda ornaşyp, Gün dogan badyna gaýyp bolýarlar, niredediklerini bilýän ýokdur.


Men size ýylanlary, içýanlary we duşmanyň ähli güýjüni depelemäge ygtyýar berdim, hiç zat size zeper ýetirmez.


Beýik we elhenç çöllügiň içi bilen, zäherli ýylanly we içýanly gurak, tozap ýatan ýerlerden sizi Ol alyp geçdi. Kert gaýadan siziň üçin Ol suw çykardy.


Olara bu adamlary öldürmän, diňe bäş aýlap gynamaga ygtyýar berildi. Çekirtgeleriň berýän ezýeti içýanlaryň adamy çakanda berýän yzasyna meňzeýärdi.


Çekirtgeleriň görnüşi söweşe girjek bedewleriňkä meňzeýärdi. Olaryň başlarynda altyn täje meňzeş zat bardy, ýüzleri adamyňka meňzeýärdi.


Midýanlardyr amalekler we gündogar halklaryň hemmesi jülgäniň boýuna edil çekirtge üýşen ýalydy. Düýeleri şeýle bir köpdi, olar edil deňiz ýakasyndaky çäge deý sansyz-sajaksyzdy.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan