Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Аянлык 9:2 - Mukaddes Kitap

2 Ol dowzah guýusyny açanda, ondan äpet ojagyň tüssesi ýaly tüsse burugsalap çykdy. Bu tüsseden ýaňa Gün we Aý garaldy.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

2 Ол довзах гуюсыны ачанда, ондан әпет оҗагың түссеси ялы түссе буругсалап чыкды. Бу түсседен яңа Гүн ве Ай гаралды.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Аянлык 9:2
16 Iomraidhean Croise  

Gün ýaşyp, garaňky düşende, tüsseli ojak hem-de ýalynly çyra görnüp, bular haýwan bölekleriniň arasyndan geçipmiş.


Ybraýym Sodoma, Gomora we tutuş düzlüge tarap aşak seredip, ol ýurtdaky asmana göterilýän tüssäniň edil ojakdan çykýan ýalydygyny gördi.


Reb aşak ot içinde düşeni üçin, Sinaý dagyny tüsse gaplady. Tüsse ojakdan çykýan ýalydy we tutuş dag güýçli sarsýardy.


Perýat et, eý, derweze! Nala çek, eý, şäher! Eý, piliştliler, gorkudan titräň! Demirgazykdan tüsse çykýar, goşun hatar-hatar bolup gelýär».


Ýere ýüzin düşüp sežde etmedik adam duran ýerinde ýanyp duran kürä taşlanjakdyr».


Olaryň öňünde ýer endireýär, asman bolsa lerzana gelýär, Günüň, Aýyň ýüzi garalýar, ýyldyzlar hem şöhlesini gizleýär.


Men asmanda we ýerde alamatlar: gan, ot hem-de tüsse sütünlerini görkezerin.


Men ýokarda, asmanda mugjyzalar, aşakda, ýerde alamatlar: gan, ot hem-de tüsse sütünlerini görkezerin.


Gynalmalarynyň tüssesi bolsa ebedi tütär. Jandara we onuň heýkeline sežde edenler ýa-da onuň adynyň tagmasyny basdyran adamlar ne gije, ne-de gündiz dynç alarlar».


Bäşinji perişde käsesini jandaryň tagtyna dökdi. Jandaryň patyşalygy tümlüge gaplandy. Ynsanlar çekýän ejirlerinden ýaňa dillerini dişlediler.


Dördünji perişde surnaýyny çaldy. Günüň üçden bir bölegine, Aýyň üçden bir bölegine, ýyldyzlaryň üçden bir bölegine zarba urlup, olaryň üçden bir bölegi garaldy. Netijede, gündiziň we gijäniň üçden bir bölegi ýagtysyz galdy.


Bäşinji perişde surnaýyny çaldy. Men gökden ýere gaçan bir ýyldyz gördüm. Ýyldyza dowzah guýusynyň açary berildi.


Olara düýpsüz dowzahyň perişdesi hökümdarlyk edýärdi. Bu perişdäniň ady ýewreýçe Abaddon, grekçe bolsa Apolliýondyr.


Görnüşimde gören atlarymyň we olaryň üstündäkileriň görnüşi şeýledi: atlylaryň sowutlary ot ýaly gyzyl, goýy gök we kükürt ýaly sarydy; atlaryň kellesi arslanyňka meňzeýärdi, agyzlaryndan ot, tüsse we kükürt çykýardy.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan