Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Аянлык 9:11 - Mukaddes Kitap

11 Olara düýpsüz dowzahyň perişdesi hökümdarlyk edýärdi. Bu perişdäniň ady ýewreýçe Abaddon, grekçe bolsa Apolliýondyr.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

11 Олара дүйпсүз довзахың перишдеси хөкүмдарлык эдйәрди. Бу перишдәниң ады еврейче Абаддон, грекче болса Аполлиёндыр.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Аянлык 9:11
18 Iomraidhean Croise  

Hudaýyň öňünde ölüler dünýäsi ýalaňaçdyr, heläkçilik ýeriniň örtügi ýokdur.


Heläkçilik we Ölüm: „Diňe paýhasyň myş-myşyny eşitdik“ diýýärler.


Bu heläkçilik ýerine çenli ýakýan ot, bar ekinimi köki bilen ýakar ol.


Sen maslyk kimin mynjyratdyň Rahaby, güýçli goluň bilen pytratdyň ýagylaryňy.


Ölüler dünýäsi we heläkçilik ýeri Rebbe açyk bolsa, ynsan ýüregi Oňa has hem aýandyr.


Arwah-jynlar özlerine dowzaha gitmegi buýurmasyn diýip, Isa ýalbardylar.


Indi bu dünýä höküm çykarylmaly wagt geldi. Ine, bu dünýäniň hökümdary şeýtan kowlup çykarylar.


Maňa indi siziň bilen gepleşere köp wagt galmady, sebäbi bu dünýäniň hökümdary şeýtan gelýär. Onuň Men babatda hiç hili ygtyýary ýokdur.


Höküm babatda aýtsam, bu dünýäniň hökümdary şeýtan höküm edilendir.


Iýerusalimde Goýun derwezesiniň ýanynda bir howuz bardy. Bu howzuň arameýçe ady Beýtzata bolup, onuň töwereginde bäş eýwan bardy.


Siziň ataňyz iblisdir, siz onuň islegini berjaý etmek isleýärsiňiz. Ol owaldan ganhordy, hiç wagt hakykatyň tarapdary bolmandy, sebäbi onda hakykat ýok. Ol ýalan sözlände, öz-özünden sözleýär, çünki ol ýalançy, ýalanyň atasydyr.


Bu dünýäniň hökümdary şeýtan iman etmedikleriň aňyny baglady. Şonuň üçin-de olar Hudaýyň keşbi bolan Isa Mesihiň şöhratynyň Hoş Habarynyň nuruny görüp bilmeýärler.


Edil dünýädäki beýleki adamlar ýaly siz-de günäli ýaşaýşa eýerip, Hudaýa tabyn bolmadyklara heniz-de täsirini ýetirýän gökdäki ruhy güýçleriň hökümdaryna gulluk edýärdiňiz.


Eziz balalar, siz bolsa Hudaýdansyňyz. Sizdäki Ruhuň dünýädäki ruhlardan üstündigi üçin, siz galp pygamberleri ýeňensiňiz.


Biz özümiziň Hudaýdandygymyzy, bütin dünýäniň bolsa şeýtanyň golastyndadygyny bilýäris.


Uly aždarha öz perişdeleri bilen ýere taşlandy. Hawa, bütin dünýäni azdyryp, iblis ýa-da şeýtan diýip atlandyrylýan bu gadymy ýylan ýere taşlandy.


Onsoň erbet ruhlar patyşalary ýewreýçe «Armageddon» diýilýän ýere üýşürdiler.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan