Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Аянлык 9:10 - Mukaddes Kitap

10 Içýanlaryňky ýaly guýruklary we neşderleri bardy. Adamlara bäş aýlap ejir çekdirmek üçin berlen güýçleri guýruklaryndady.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

10 Ичянларыңкы ялы гуйруклары ве нешдерлери барды. Адамлара бәш айлап эҗир чекдирмек үчин берлен гүйчлери гуйрукларындады.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Аянлык 9:10
7 Iomraidhean Croise  

Kakam size agyr zulum eden bolsa, men size edilýän zulumy has-da artdyraryn; kakam sizi çyrpy bilen jezalandyran bolsa, men sizi gamçy bilen jezalandyraryn diý» diýdiler.


Rehabgam ýaş ýigitleriň beren maslahatyna eýerip, Ýarobgama we ysraýyl halkyna şeýle jogap berdi: «Kakam size agyr zulum eden bolsa, men size edilen zulumy has-da artdyraryn. Kakam sizi çyrpy bilen jezalandyran bolsa, men sizi gamçy bilen jezalandyraryn».


Eý, ynsan ogly, sen olardan we olaryň sözlerinden gorkma. Daşyňy çalydyr tikenekler gurşasa-da, içýanlar arasynda ýaşasaň-da gorkma. Olaryň sözlerinden gorkma, ýüzlerinden heder etme, olar pitneçi halkdyr.


Ýa bolmasa ýumurtga dilände, oňa içýan berer?


Atlaryň güýji hem agyzlarynda, hem guýruklaryndady. Olaryň guýruklary ýylana meňzeýärdi, sebäbi olaryň ujy ýylanyň kellesi ýalydy. Olar şonuň bilen adamlary heläkleýärdiler.


Tüsseden ýer ýüzüne çekirtgeler ýagdy. Olara ýer ýüzündäki içýanlaryňky ýaly güýç berlipdi.


Olara bu adamlary öldürmän, diňe bäş aýlap gynamaga ygtyýar berildi. Çekirtgeleriň berýän ezýeti içýanlaryň adamy çakanda berýän yzasyna meňzeýärdi.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan