Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Аянлык 9:1 - Mukaddes Kitap

1 Bäşinji perişde surnaýyny çaldy. Men gökden ýere gaçan bir ýyldyz gördüm. Ýyldyza dowzah guýusynyň açary berildi.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

1 Бәшинҗи перишде сурнайыны чалды. Мен гөкден ере гачан бир йылдыз гөрдүм. Йылдыза довзах гуюсының ачары берилди.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Аянлык 9:1
20 Iomraidhean Croise  

Eý, parlak ýyldyz, daň ogly, gökden nähili gaçdyň! Eý, milletleri ýeňen sen, indi özüň ýere ýykyldyň!


Isa olara: «Men şeýtanyň gökden ýyldyrym ýaly bolup aşak inenini gördüm.


Arwah-jynlar özlerine dowzaha gitmegi buýurmasyn diýip, Isa ýalbardylar.


Men diridirin. Ölüdim, ýöne, ine, indi ebedilik diridirin. Ölümiň-de, ölüler dünýäsiniň-de açary Mendedir.


Meniň sag elimde görýän ýedi ýyldyzyň we ýedi altyn çyradanyň syry şeýle: ýedi ýyldyz ýedi ýygnagyň perişdelerini, ýedi çyradan hem ýedi ýygnagy aňladýandyr».


Olar pygamberliklerini tamamlanlarynda, dowzahdan çykan jandar olar bilen urşar. Jandar olary ýeňer we öldürer.


Seniň gören jandaryň birwagtlar bardy, ýöne indi ýok. Emma soňra ol heläk bolmazyndan öň ölüler dünýäsinden çykar. Ýer ýüzüniň ilaty, ýagny dünýä ýaradylany bäri atlary ýaşaýyş kitabyna ýazylmadyklar bu jandary görenlerinde haýran galarlar, sebäbi ol birwagtlar bardy, indi ýok, ýöne ýene geler.


Soňra men gökden inip gelýän bir perişdäni gördüm. Onuň elinde dowzahyň açary bilen uly bir zynjyr bardy.


Olary aldan iblis bolsa ýanyp duran kükürtli köle zyňyldy. Jandar bilen galp pygamber hem şol ýerdedir. Olar gije-gündiz ebedilik ejir çekerler.


Asmandaky ýyldyzlar ýere paýyrdap döküldiler. Olar bişmedik injirleriň güýçli ýeliň zarbyna ýere dökülişi ýaly gaçdylar.


Üçünji perişde surnaýyny çaldy. Gökden alawlap ýanýan ot ýaly äpet bir ýyldyz derýalaryň üçden biriniň üstüne, suw gözbaşlaryna gaçdy.


Dördünji perişde surnaýyny çaldy. Günüň üçden bir bölegine, Aýyň üçden bir bölegine, ýyldyzlaryň üçden bir bölegine zarba urlup, olaryň üçden bir bölegi garaldy. Netijede, gündiziň we gijäniň üçden bir bölegi ýagtysyz galdy.


Men Hudaýyň öňünde duran ýedi perişdäni gördüm. Olara ýedi surnaý berildi.


Ol dowzah guýusyny açanda, ondan äpet ojagyň tüssesi ýaly tüsse burugsalap çykdy. Bu tüsseden ýaňa Gün we Aý garaldy.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan