Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Аянлык 8:7 - Mukaddes Kitap

7 Birinji perişde surnaýyny çaldy. Gan gatyşykly doly we ot döräp, ýer ýüzüne döküldi. Ýeriň üçden biri, agaçlaryň üçden biri, gök otlaryň bary ýanyp köýdi.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

7 Биринҗи перишде сурнайыны чалды. Ган гатышыклы долы ве от дөрәп, ер йүзүне дөкүлди. Ериң үчден бири, агачларың үчден бири, гөк отларың бары янып көйди.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Аянлык 8:7
29 Iomraidhean Croise  

Olar Meribanyň boýunda Rebbi gazaplandyrdy, Musa olar zerarly oňaýsyz ýagdaýa galdy.


Şeýlelikde, Musa faraonyň ýanyndan gidip, galadan çykdy we asmana ellerini uzadyp, Rebbe dileg etdi. Şobada gök gürrüldisi we doly ýagmasy galdy. Ýere ýagyş guýmasy kesildi.


Ine, Rebbiň gudratly, güýçli bir adamy bar; weýran edýän doly tupany kimin, güýçli ýagyş sili kimin, Öz eli bilen şäheri ýere çalar.


Hökmürowan Reb gök gürrüldisi bilen, ýer titremesi, uly şowhun bilen, harasat we tupan bilen, ýalmaýan oduň ýalny bilen geler.


Reb haýbatly sesini eşitdirer, lowlaýan gazap bilen, ýalmaýan ot ýalny bilen, bulutlaryň partlamasy bilen, tupan hem doly bilen golunyň gudratyny görkezer.


Jeňňel bütinleý ýok bolsa-da, ýer bilen ýegsan edilenem bolsa şäher,


Gogy mergi we gylyç bilen jezalandyraryn; onuň we goşunlarynyň üstüne, ýanyndaky köp halklaryň üstüne gark ediji ýagyş we güýçli doly, ot we kükürt ýagdyraryn.


Men asmanda we ýerde alamatlar: gan, ot hem-de tüsse sütünlerini görkezerin.


Gün çykyp, howurly yssysy bilen oty guradýar, onuň güli dökülip, gözelligi ýok bolýar. Edil şunuň ýaly baý hem öz işi bilen gümra bolup, baýlygy bilen bile ýok bolup gider.


Olar Beýthoron dagynyň eňňidiniň ugry bilen ysraýyllardan gaçanlarynda, Reb Azeka barýança olaryň üstüne gökden uly daşlar ýagdyrdy, olar gyryldylar. Uly daşyň aşagynda galyp ölenler ysraýyllaryň öldürenlerinden köp boldy.


Çünki: «Ähli ynsan otluk kimindir, onuň bar görki meýdan güli kimindir. Ot gurap gider, güli hem solar,


Ol gökdäki ýyldyzlaryň üçden birini guýrugy bilen syryp, ýer ýüzüne zyňdy. Aždarha doguljak çagany bada-bat ýuwutmak üçin, burgusy tutýan aýalyň öňünde durdy.


Birinji perişde gidip, käsesini ýere dökdi. Jandaryň tagmasy bolan we onuň heýkeline sežde eden adamlarda erbet we agyryly ýaralar peýda boldy.


Ynsanlaryň üstüne gökden hersiniň agramy bir batmana golaý güýçli doly ýagdy. Ynsanlar doly belasy üçin Hudaýa gargadylar, sebäbi bu bela diýseň aýylgançdy.


Görsem, ine, reňki solgun bir at dur. Onuň üstündäki atlynyň ady Ölümdi, onuň yzyndan ölüler dünýäsi gelýärdi. Olara ýeriň dörtden bir bölegine ygtyýar berlip, şol ýerdäki adamlary gylyç, açlyk, mergi, wagşy haýwanlar bilen öldürmäge rugsat edilipdi.


Şundan soň ýeriň dört burçunda duran dört perişdäni gördüm. Olar ýer ýüzüne, deňze ýa-da agaçlara öwüsmesin diýip, ýeriň dört tarapyndaky ýelleri saklap durdular.


Dört perişde boşadyldy. Olar şol ýyl, şol aý, şol gün, şol sagat üçin taýýarlanylyp, adamlaryň üçden birini öldürmäge niýetlenipdi.


Adamlaryň üçden biri olaryň agzyndan çykýan otdan, tüsseden we kükürtden – şu üç beladan öldi.


Olara ýer ýüzüniň otuna, ösümligine ýa-da agajyna däl-de, diňe maňlaýynda Hudaýyň möhüri bolmadyk adamlara zyýan ýetirmek buýruldy.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan