Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Аянлык 8:3 - Mukaddes Kitap

3 Başga bir perişde gelip, gurbanlyk sypasynyň öňünde durdy. Onuň elinde altyndan gap bardy. Bu perişdä köp mukdarda ýakymly ysly tütetgi berildi. Ol bu tütetgini Hudaýyň halkynyň doga-dileglerine goşup, tagtyň öňündäki altyndan ýasalan gurbanlyk sypasynda hödür etmelidi.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

3 Башга бир перишде гелип, гурбанлык сыпасының өңүнде дурды. Онуң элинде алтындан гап барды. Бу перишдә көп мукдарда якымлы ыслы түтетги берилди. Ол бу түтетгини Худайың халкының дога-дилеглерине гошуп, тагтың өңүндәки алтындан ясалан гурбанлык сыпасында хөдүр этмелиди.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Аянлык 8:3
32 Iomraidhean Croise  

Onuň öňüne arz-halymy dökýärin, Onuň öňünde gaýgylarymy beýan edýärin.


Altyndan edilen sypany getirip, Rebbe ýüz tutulýan çadyrda, tutynyň öňünde goýdy.


Onsoň seraflaryň biri maňa tarap uçdy. Onuň elinde gurbanlyk sypasyndan ätişgir bilen alnan köräp duran köz bardy.


Gurbanlyk sypasy agaçdan bolup, beýikligi üç tirsek, uzynlygy iki tirsekdi; burçlary, uzynlygy we diwarlary hem agaçdandy. Ol maňa: «Rebbiň huzuryndaky hantagta budur» diýdi.


Men gurbanlyk sypasynyň ýanynda Rebbiň duranyny gördüm. Reb şeýle buýruk berdi: «Ybadathana söýeleri sarsýança, sütünleriň başyna ur, olary ähli ynsanyň depesinden inder. Diri galanlaryny gylyçdan geçirerin, hiç biri gaçyp-da, gutulyp-da bilmez.


Gündogardan günbatara çenli milletler arasynda Meniň adym beýik bolar! Ähli ýerde Meniň adyma ýakymly ysly tütetgi ýakylyp, päk sadakalar hödürlener. Çünki milletler arasynda Meniň adym beýik bolar. Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr.


Altyndan edilen sypanyň üstüne gök keteni ýapyp, ony saýlama deriden edilen ýapynja bilen basyrsynlar we onuň syryklaryny ýerine oturtsynlar.


Içi tütetgiden doly, agramy ýigrimi mysgal bolan altyn jam.


Tütetgi tütetmeli pursady geldi, ähli jemagat daşarda Hudaýa doga okap durdy.


Hudaýyň halkyny kim höküm edip biler? Hiç kim, sebäbi ölümden direlen Isa Mesih Hudaýyň sagynda oturyp, biziň üçin töwella edýär.


Şeýlelikde, Isa Özi arkaly Hudaýa gelýänleri ebedilik halas etmegi başarýandyr. Çünki Isa Mesih olar üçin hemişe Hudaýa töwella edýär.


Bu otagda ýakymly ysly tütetgi sypasy we Äht sandygy bardy. Olaryň ikisi hem sap altyndan ýasalandy. Äht sandygynda içi mannadan doly altyn golça, Harunyň güllän hasasy, tabşyryklar ýazylan iki daş bölegi bardy.


Onsoň men gökden aşak inip gelýän başga bir güýçli perişdäni gördüm. Ol buluda bürenipdi, onuň başynyň ýokarsynda älemgoşar şugla saçýardy. Perişdäniň ýüzi gün ýaly şöhle saçýardy, aýaklary bolsa ot sütünleri ýalydy.


Soňra gurbanlyk sypasyndaky oda gözegçilik edýän başga bir perişde sypadan çykyp, ötgür orakla batly ses bilen şeýle diýdi: «Sen-de ötgür oragyňy işlet. Ýerdäki üzüm agajyndaky salkymlary ýyg, çünki üzüm bişipdir».


Ol düýrlenen kagyzy eline alanda, dört mahluk we ýigrimi dört ýaşuly Guzynyň öňünde ýüzin düşüp, Oňa sežde etdiler. Olaryň her biriniň elinde arfa we ýakymly ysly tütetgiden doly altyn käse bardy. Bu ýakymly ysly tütetgiler Hudaýyň halkynyň doga-dilegleridir.


Guzy bäşinji möhüri döwende, gurbanlyk sypasynyň aşagynda Hudaýyň Hoş Habary ugrunda we eden şaýatlyklary üçin öldürilenleriň janlaryny gördüm.


Olara ýere, deňze zyýan ýetirmeklik ygtyýary berlipdi. Soňra gündogardan ýokary çykyp barýan perişdäni gördüm. Onda Diri Hudaýyň möhüri bardy. Ol şol dört perişdä batly gygyryp, şeýle diýdi:


Hudaýyň halkynyň doga-dilegleri bilen birlikde ýakymly ysly tütetginiň tüssesi perişdäniň elinden Hudaýyň huzuryna tarap ýokary göterildi.


Perişde gaby alyp, ony gurbanlyk sypasyndaky otdan doldurdy-da, ony gökden ýere zyňdy. Şonda gök gürläp, güňleç gürrüldi eşidildi, ýyldyrym çakyp, ýer titredi.


Altynjy perişde surnaýyny çaldy. Men Hudaýyň öňündäki altyndan ýasalan gurbanlyk sypasynyň dört şahyndan çykýan sesi eşitdim.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan