Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Аянлык 8:11 - Mukaddes Kitap

11 Ol ýyldyzyň ady Ýowşandyr. Suwlaryň üçden biri ajady. Ajy suwdan içen adamlaryň ençemesi öldi.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

11 Ол йылдызың ады Ёвшандыр. Сувларың үчден бири аҗады. Аҗы сувдан ичен адамларың энчемеси өлди.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Аянлык 8:11
17 Iomraidhean Croise  

Mara gelenlerinde, olar Maranyň suwundan içip bilmediler. Sebäbi ol ajydy. Şol sebäpli ony Mara diýip atlandyrdylar.


Emma soňunda ýowşan ýaly ajydyr, ikiýüzli gylyç ýaly ýitidir.


Şonuň üçin pygamberler hakynda Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Men olara ajy ýowşan iýdirjek, zäherli suw içirjek. Çünki Iýerusalim pygamberleriniň hudaýsyzlygy tutuş ýurda ýaýrady“.


Şonuň üçin hem Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Men bu halka ajy ýowşan iýdirerin, zäherli suw içirerin.


Hasratymdyr sergezdanlygym hakda oýlansam, ajy ýowşan bilen zäher-zakgun içen ýalydyr!


Üstüme çozup, daşymy gabady, başyma hasrat hem dert saldy.


Adalaty ajylyga öwrenler! Dogruçyllygy ýere çalanlar!


Atlar gaýanyň üstünde çaparmy? Öküzler bilen ol ýerde ýer sürlermi? Emma siz adalaty zähere, dogrulyk miwesini ajylyga öwürdiňiz.


Tutuş ýurduň, üçden ikisi gyrlyp heläk bolar, üçden biri diri galar. Muny Reb aýdýandyr.


Şol galan üçden birini otdan geçirerin, olary kümüş kimin saplaryn, altynyň barlanyşy ýaly synaryn. Olar Maňa dileg ederler, Men olara jogap bererin, «Bu – Meniň halkym» diýerin; Olar-da: «Reb – biziň Hudaýymyz» diýerler.


Ägä boluň, bu gün siziň araňyzda Hudaýymyz Rebden ýüregi sowaşyp, şol halklaryň hudaýlaryna gulluk edýän erkek ýa aýal, maşgala ýa-da tire bolmasyn. Araňyzda şeýle adamlaryň bolmagy, ajy we zäherli ösümligiň köki ýalydyr.


Hüşgär boluň, hiç kim Hudaýyň merhemetinden mahrum bolmasyn. Bir ajy kök gögerip, size ezýet bermesin, köp adamlar munuň bilen zäherlenmesin.


Ol gökdäki ýyldyzlaryň üçden birini guýrugy bilen syryp, ýer ýüzüne zyňdy. Aždarha doguljak çagany bada-bat ýuwutmak üçin, burgusy tutýan aýalyň öňünde durdy.


Birinji perişde surnaýyny çaldy. Gan gatyşykly doly we ot döräp, ýer ýüzüne döküldi. Ýeriň üçden biri, agaçlaryň üçden biri, gök otlaryň bary ýanyp köýdi.


Dört perişde boşadyldy. Olar şol ýyl, şol aý, şol gün, şol sagat üçin taýýarlanylyp, adamlaryň üçden birini öldürmäge niýetlenipdi.


Adamlaryň üçden biri olaryň agzyndan çykýan otdan, tüsseden we kükürtden – şu üç beladan öldi.


Nagomy olara garap: «Siz maňa Nagomy diýmäň, Mara diýiň, sebäbi Gudratygüýçli maňa gaty ajy durmuş berdi.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan