Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Аянлык 8:10 - Mukaddes Kitap

10 Üçünji perişde surnaýyny çaldy. Gökden alawlap ýanýan ot ýaly äpet bir ýyldyz derýalaryň üçden biriniň üstüne, suw gözbaşlaryna gaçdy.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

10 Үчүнҗи перишде сурнайыны чалды. Гөкден алавлап янян от ялы әпет бир йылдыз деряларың үчден бириниң үстүне, сув гөзбашларына гачды.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Аянлык 8:10
21 Iomraidhean Croise  

Şatlyk bilen guýulardan suw çekişiňiz deý, şatlyk bilen-de halas edilersiňiz.


Eý, parlak ýyldyz, daň ogly, gökden nähili gaçdyň! Eý, milletleri ýeňen sen, indi özüň ýere ýykyldyň!


Tutuş ýurduň, üçden ikisi gyrlyp heläk bolar, üçden biri diri galar. Muny Reb aýdýandyr.


Şol galan üçden birini otdan geçirerin, olary kümüş kimin saplaryn, altynyň barlanyşy ýaly synaryn. Olar Maňa dileg ederler, Men olara jogap bererin, «Bu – Meniň halkym» diýerin; Olar-da: «Reb – biziň Hudaýymyz» diýerler.


«Şonda Gögüň Şalygyny çyralaryny alyp, giýewi garşylamaga çykan on gyza meňzetse bolar.


Isa olara: «Men şeýtanyň gökden ýyldyrym ýaly bolup aşak inenini gördüm.


Olaryň şer işleri bulanyk suw tolkunlary ýaly äşgär bolýar we özleri-de sergezdan ýyldyzlar kimindir. Tüm garaňkylyk olar üçin ebedilik saklanýar.


Meniň sag elimde görýän ýedi ýyldyzyň we ýedi altyn çyradanyň syry şeýle: ýedi ýyldyz ýedi ýygnagyň perişdelerini, ýedi çyradan hem ýedi ýygnagy aňladýandyr».


Ol gökdäki ýyldyzlaryň üçden birini guýrugy bilen syryp, ýer ýüzüne zyňdy. Aždarha doguljak çagany bada-bat ýuwutmak üçin, burgusy tutýan aýalyň öňünde durdy.


Ol batly ses bilen şeýle diýýärdi: «Hudaýdan gorkuň! Ony beýgeldiň! Çünki Onuň kazylyk etjek sagady geldi! Ýeri, gögi, deňzi, suw gözbaşlaryny Ýaradana sežde ediň!»


Üçünji perişde käsesini derýalara, suw gözbaşlaryna dökdi. Olar-da gana öwrüldi.


Asmandaky ýyldyzlar ýere paýyrdap döküldiler. Olar bişmedik injirleriň güýçli ýeliň zarbyna ýere dökülişi ýaly gaçdylar.


Birinji perişde surnaýyny çaldy. Gan gatyşykly doly we ot döräp, ýer ýüzüne döküldi. Ýeriň üçden biri, agaçlaryň üçden biri, gök otlaryň bary ýanyp köýdi.


Bäşinji perişde surnaýyny çaldy. Men gökden ýere gaçan bir ýyldyz gördüm. Ýyldyza dowzah guýusynyň açary berildi.


Dört perişde boşadyldy. Olar şol ýyl, şol aý, şol gün, şol sagat üçin taýýarlanylyp, adamlaryň üçden birini öldürmäge niýetlenipdi.


Adamlaryň üçden biri olaryň agzyndan çykýan otdan, tüsseden we kükürtden – şu üç beladan öldi.


Üç müň sany ýahudaly çykyp, Eýtam gaýasyndaky gowaga tarap gitdiler we baryp Şimşona: «Biziň üstümizden piliştlileriň höküm sürýändiklerini sen bileňokmy näme? Sen bizi näme üçin beýtdiň?» diýdiler. Şimşon: «Olar maňa näme eden bolsalar, men hem olara şony etdim» diýdi.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan