Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Аянлык 7:9 - Mukaddes Kitap

9 Mundan soň her milletden, her halkdan, her tireden, her dilden bolan, hiç kimiň sanap bilmejek ägirt mähellesiniň tagtyň we Guzynyň öňünde duranyny gördüm. Olar ak lybasdadylar we ellerinde palma agajynyň şahalary bardy.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

9 Мундан соң хер миллетден, хер халкдан, хер тиреден, хер дилден болан, хич кимиң санап билмеҗек әгирт мәхеллесиниң тагтың ве Гузының өңүнде дураныны гөрдүм. Олар ак лыбасдадылар ве эллеринде палма агаҗының шахалары барды.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Аянлык 7:9
41 Iomraidhean Croise  

Seniň nesliňi edil ýeriň çägeleri kimin san-sajaksyz ederin. Eger ýeriň çägeleri sanalyp bilinýän bolsa, onda seniň nesliň-de sanalyp bilner.


Şalyk hasasy Ýahudanyň elinden düşmez, onuň nesilleri şalyk sürer elmydam, Ol Şilo geler, milletler oňa boýun bolarlar.


Menden dile, saňa bereýin milletleri miras hökmünde, tutuş älem-jahany mülk hökmünde.


Hudaýy ýatlap, ahy-nala çekýärin, Ol hakda oýa batýaryn, ruhum ysgyndan düşýär. Sela


Men size tymsal aýdyp bereýin, gadymyýetiň syrlaryny beýan edeýin.


Goý, olar öwsünler Seniň beýik, gorkunç adyňy, Sen – mukaddes hem-de gudratly!


Reb meniň güýjüm hem galamdyr, betbagtlyk gününde Penakärimdir! Dünýäniň dört künjünden milletler Seniň huzuryňa gelip: «Biziň ata-babalarymyz diňe ýalan zatlary, özlerine birjik-de peýdasy bolmadyk biderek butlary miras aldylar» diýerler.


Şol döwür Iýerusalim Rebbiň tagty diýlip atlandyrylar we ähli milletler şol ýerde, Iýerusalimde Rebbiň huzuryna üýşerler. Mundan beýläk olar kesirlik bilen ýaman niýetlerine kowalaşmazlar.


Ol ýene müň tirsek ölçedi; suw bir derýa boldy. Suw ýokary göterilendigi sebäpli men onuň içinden geçip bilmedim. Ondan ýüzüp geçäýmeseň, ýöräp geçip boljak däldi.


Men Nebukadnesar öýümde rahat, köşgümde şady-horramlykda ýaşaýardym.


Soňra Darýuş patyşa bütin ýer ýüzünde ýaşaýan halklara, milletlere we uruglara şeýle diýip ýazdy: «Öýleriňiz abadan bolsun!


Ysraýyl ogullary deňiz kenaryndaky çäge ýaly san-sajaksyz we möçbersiz köp bolar. Olara: „Siz Meniň halkym dälsiňiz“ diýlen ýerde, „siz diri Hudaýyň ogullarysyňyz“ diýler.


Birinji gün oňat miweli agaçlaryň miwesini, palma şahalaryny, gür ýaprakly agaçlaryň we suw boýunda ösýän söwütleriň şahalaryny alyp, Hudaýyňyz Rebbiň huzurynda ýedi günläp şady-horramlykda boluň.


Sykylyk çalyp, toplaryn olary, çünki Men azat etdim olary. Köpelerler olar hut öňküleri ýaly.


Şol gün köp halklar Men-Rebbe bil baglarlar we Meniň halkym bolarlar. Men siziň araňyzda mekan tutaryn». Şonda ýanyňyza meni Hökmürowan Rebbiň iberendigini bilersiňiz.


Şol wagt müňlerçe adam üýşüp, biri-birlerine gysylyşyp durdular. Isa ilki bilen Öz şägirtlerine gürrüň bermäge başlady: «Özüňizi fariseýleriň hamyrmaýasyndan, ýagny ikiýüzlülikden goraň.


Bu boljak wakalaryň baryndan gaçyp gutular ýaly we Ynsan Oglunyň huzurynda durup biler ýaly, hemişe oýa bolup, Hudaýa dileg ediň».


Adamlar palma şahalaryny alyp, Ony garşylamaga çykdylar. Olar şeýle diýip gygyryşýardylar: «Hudaýa öwgüler bolsun! Rebbiň adyndan Gelýäne alkyş bolsun! Ysraýyl Patyşasyna alkyş bolsun!»


Eý, doganlar, siz tekepbirlige ýüz urmaz ýaly, şu syrdan habarly bolmagyňyzy isleýärin. Hudaý başga milletlerden saýlanlarynyň baryny halas edýänçä, käbir ysraýyllaryň ýüregi ýumşamaz.


Şonuň üçin ýaman döwürde gaýtawul berip bilmegiňiz üçin, Hudaýyň ähli ýaraglaryny dakynyň. Şonda ornuňyzda berk durmagy başararsyňyz.


Şeýlelikde, ýaşy birçene baran bu bir adamdan gökdäki ýyldyzlar deý we deňiz kenaryndaky çägeler deý san-sajaksyz nesil döredi.


Siz bolsa Sion dagyna, diri Hudaýyň şäheri bolan göge degişli Iýerusalime, şagalaňly üýşmeleňe ýygnanan müňlerçe perişdeleriň huzuryna golaýlaşdyňyz.


Ýedinji perişde surnaýyny çaldy. Gökden: «Dünýä şalygy indi Rebbimiziň we Onuň Saýlanynyň şalygydyr. Hudaý asyrlarboýy şalyk sürjekdir» – diýip gygyrýan batly sesler eşidildi.


Bu şäherde indi asla nälet bolmaz. Hudaýyň we Guzynyň tagty bu şäherde bolar. Hudaýyň bendeleri Oňa hyzmat ederler.


Gel, Men saňa maslahat bereýin: baýar ýaly, Menden otda arassalanan altyny satyn al; ýalaňaçlygyň aýbyny örter ýaly, Menden ak egin-eşik satyn al; görüp biler ýaly, Menden gözüňe melhem satyn al.


Tagtyň töwereginde ýene-de ýigrimi dört tagt bardy, bu tagtlaryň üstünde ýaşulular otyrdy. Olaryň egninde ak lybaslary, başlarynda altyn täçleri bardy.


Onsoň men tagtyň, janly mahluklaryň hem-de ýaşulularyň töweregindäki perişdeleri gördüm we olaryň seslerini eşitdim. Olar sanardan köpdi, müňlerçe müňdi, on müňlerçe on müňdi.


Olar täze bir aýdym aýdýardylar: Sen mynasypsyň bu kagyzy almaga, hem-de onuň möhürlerini döwmäge. Çünki Sen damagyň çalnyp, Öz ganyň bilen, her tireden, her dilden, her halkdan hem-de milletden Hudaý üçin adamlary satyn alansyň.


Şonda olara ak lybas berlip, ýene az salym sabyr etmelidigini aýtdylar. Çünki olaryň hataryna özleri ýaly öldüriljek ýoldaşlarynyň we doganlarynyň doly sany goşulmalydy.


zebulun tiresinden on iki müň adam, ýusup tiresinden on iki müň adam, benýamin tiresinden on iki müň adam.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan