Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Аянлык 7:4 - Mukaddes Kitap

4 Men möhürlenenleriň sanyny eşitdim. Ysraýyl halkynyň ähli tirelerinden bir ýüz kyrk dört müň adam möhürlenendi:

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

4 Мен мөхүрлененлериң саныны эшитдим. Ысрайыл халкының әхли тирелеринден бир йүз кырк дөрт мүң адам мөхүрлененди:

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Аянлык 7:4
17 Iomraidhean Croise  

Soňra Reb Ybramy daşary çykaryp: «Asmana seret. Sen şol görünýän ýyldyzlary sanap bilseň sanaý. Seniň şonça-da nesliň bolar» diýdi.


Ysraýylyň ogullarynyň atlaryna görä, gaşlar on iki sany bolup, on iki tiräniň hersiniň ady edil möhür basylan ýaly, her gaşyň ýüzüne oýulyp ýazylsyn.


Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Ýurdy mülk hökmünde Ysraýylyň on iki tiresine görä böleniňizde, araçäk şu bolmalydyr: Ýusubyň nesli iki paý alar.


Ol ýeri Ysraýylyň ähli tirelerinden bolan şäher ilaty ekip bejerer.


Pygamberlik sözi. Bu Rebbiň Hadrak ýurduna degişli sözüdir. Bu söz Damask şäherinde galar. Rebbe degişlidir Siriýa şäherleri we ysraýyl tireleri.


Isa olara: «Size dogrusyny aýdýaryn, ähli zadyň täzelenen döwri Ynsan Ogly Öz şöhratly tagtynda oturanda, Meniň yzyma düşen siz hem on iki tagtda oturyp, Ysraýylyň on iki tiresine kazylyk edersiňiz.


Hyzmatkär: „Jenap! Seniň aýdanyň ýerine ýetirildi, ýöne entek hem ýer bar“ diýýär.


Siz Meniň Şalygymda iýip-içersiňiz we tagtlarda oturyp, Ysraýylyň on iki tiresiniň üstünden kazylyk edersiňiz».


Hakykatda, halkymyzyň on iki tiresi gije-gündiz Hudaýa çyn ýürekden sežde edip, bu wadanyň berjaý bolmagyna umyt baglapdyr. Eý, şahym, ýahudylar bolsa şu umyt üçin meni aýyplaýarlar.


Işaýa pygamber hem Ysraýyl barada şuny jar etdi: «Ysraýyl halky deňiz ýakasyndaky çäge deý köp bolsa-da, diňe birnäçesi halas bolarlar.


Hudaýyň we Rebbimiz Isa Mesihiň guly men Ýakupdan başga milletleriň arasyna dargan Ysraýylyň on iki tiresine dogaýy salam!


Soňra men Sion dagynda Guzynyň duranyny gördüm. Onuň ýanynda bir ýüz kyrk dört müň adam durdy. Olaryň maňlaýynda Guzynyň we Onuň Atasynyň ady ýazylgydy.


Ýaňky bir ýüz kyrk dört müň adam tagtyň öňünde, dört mahlugyň we ýaşulularyň öňünde täze aýdym aýdýardylar. Tutuş adamzadyň arasyndan azat edilen bu bir ýüz kyrk dört müň adamdan başga hiç kim bu aýdymy öwrenip bilmeýärdi.


Ýahuda tiresinden on iki müň adam, ruben tiresinden on iki müň adam, gat tiresinden on iki müň adam,


Atly goşunlarynyň sany müňlerçe müňdi, olaryň sanyny meniň özüm eşitdim.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan