«Seni söýýänler aman ýaşasyn! Diwarlaryňyň içinde parahatçylyk bolsun, gala diňlerinde howpsuzlyk bolsun!» diýip, Iýerusalimiň parahatlygy üçin doga-dilegler ediň.
Eý, köňlümiň aşygy, aýtsana maňa, nirede bakýaň süriňi? Günorta çagy olara nirede dynç berýäň? Ýoldaşlaryňyň sürüleriniň ýanynda näme üçin sergezdan zenan dek bolaýyn?
Munuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Bendelerim iýerler, siz bolsa aç bolarsyňyz; bendelerim içerler, siz bolsa suwsarsyňyz; bendelerim şatlanarlar, siz bolsa utanja goýlarsyňyz;
Gün doganda, Hudaý gündogardan epgek öwüsdirdi. Gün Ýunusyň depesini gaýnadyp başlady, onda ysgyn-mydar galmady. Ol özüne ölüm diläp: «Ýaşanymdan ölenim gowudyr» diýdi.
Gün çykyp, howurly yssysy bilen oty guradýar, onuň güli dökülip, gözelligi ýok bolýar. Edil şunuň ýaly baý hem öz işi bilen gümra bolup, baýlygy bilen bile ýok bolup gider.