Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Аянлык 7:13 - Mukaddes Kitap

13 Onsoň ýaşululardan biri menden: «Bu ak lybasa beslenenler kim, nireden gelipdirler?» diýip sorady.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

13 Онсоң яшулулардан бири менден: «Бу ак лыбаса беслененлер ким, ниреден гелипдирлер?» дийип сорады.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Аянлык 7:13
11 Iomraidhean Croise  

Men ol ýerde duranlaryň birine ýakynlaşyp, ondan bulara degişli ähli hakykaty soradym. Şeýdip, ol maňa bu zatlaryň ýorgudyny aýdyp berdi:


Onsoň Isa ybadathanada öwredip durka, gaty ses bilen şeýle diýdi: «Hawa, siz Meni hem tanaýarsyňyz, niredendigimi hem bilýärsiňiz. Emma Men Öz-Özümden gelemok, Meni Iberen hakdyr, siz Ony tanamaýarsyňyz.


Petrus muny görende, halka ýüzlenip, şeýle diýdi: «Eý, ysraýyl halky! Näme üçin muňa haýran galýarsyňyz? Näme üçin biz bu adamy öz gudratymyz ýa hudaýhonlygymyz bilen ýöreden ýaly, bize beýle dykgat bilen seredýärsiňiz?


Ýöne Sardisde öz lybasyny hapalamadyk birnäçe adam bar. Olar Meniň bilen ak lybaslara beslenip gezerler, sebäbi muňa mynasypdyrlar.


ýigrimi dört ýaşuly tagtda Oturanyň öňünde ýüzin düşüp, baky ýaşaýan Hudaýa sežde edýärdiler, täçlerini tagtyň öňünde goýup:


Tagtyň töwereginde ýene-de ýigrimi dört tagt bardy, bu tagtlaryň üstünde ýaşulular otyrdy. Olaryň egninde ak lybaslary, başlarynda altyn täçleri bardy.


Onsoň men tagtyň, janly mahluklaryň hem-de ýaşulularyň töweregindäki perişdeleri gördüm we olaryň seslerini eşitdim. Olar sanardan köpdi, müňlerçe müňdi, on müňlerçe on müňdi.


Şonda ýaşulularyň biri maňa şeýle diýdi: «Aglama! Ine, Ýahuda tiresinden, Dawudyň kökünden bolan Arslan üstün çykdy. Ol ýedi möhür bilen möhürlenen düýrlenen kagyzy açmagy başarar».


Mundan soň her milletden, her halkdan, her tireden, her dilden bolan, hiç kimiň sanap bilmejek ägirt mähellesiniň tagtyň we Guzynyň öňünde duranyny gördüm. Olar ak lybasdadylar we ellerinde palma agajynyň şahalary bardy.


Aýaly adamsynyň ýanyna gelip, şeýle diýdi: «Meniň ýanyma Hudaýyň adamy geldi, onuň daş keşbi Hudaýyň perişdesiniňki ýaly, haýbatly, gorkunçdy. Men onuň nireden gelenini soramadym, ol maňa öz adyny hem aýtmady.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan